Farap etrabynyň Farap şäherinde «Merjen däneleri» çagalar dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Farap etraby Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän welaýatlaryň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasyndaky bäsleşigiň 2016-njy ýylyň jemleri boýunça ýeňijisi boldy. Döwlet Baştutanynyň 2017-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, däne we pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmekde, medeni-durmuş maksatly desgalary gurmakda, ilaty sport bilen meşgullanmaga çekmekde we beýleki ugurlardaky netijeleri göz öňünde tutulyp Lebap welaýatynyň Farap etraby ABŞ-nyň 1 million dollary möçberinde pul sylagyna mynasyp boldy. Şol serişdeler çagalar üçin niýetlenen täze medeniýet merkeziniň gurluşygyna we onuň döwrebap derejede enjamlaşdyrylmagyna gönükdirildi.
1,5 gektar meýdany bolan toplumda ösüp gelýän ýaş nesilleriň doly derejeli dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli zerur şertler döredildi. Täze merkezi Türkmenabadyň “Demirbetonönümleri” kärhanasynyň buýurmasy esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Jemşidiň jamy” hususy kärhanasynyň gurluşykçylary bina etdiler.
Bu toplumyň binagärlik keşbi özboluşly görnüşe eýedir. Mälim bolşy ýaly, uly adamlar we çagalar işjeň dynç alşa, sport bilen meşgullanmaga endiklerini ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýärler. Şeýlelikde, bu ýerde boş wagtyňy gyzykly hem-de peýdaly geçirmek üçin ähli zerur mümkinçilikler bar. Merkeziň çäginde attraksionlaryň 11-si, oýun enjamlary zaly, 46 orunlyk çaýhana we iki söwda dükany bar. Belent baglaryň saýasynda goýlan amatly oturgyçlar bu ýere gelýänleriň oňaýly dynç alşyny üpjün edýär. Toplumy döwrebap derejede enjamlaşdyrmak işi dowam edýär. Ýakyn wagtda bu ýerde dürli görnüşli hiňňildikler, awtodrom we beýleki ugurdaş desgalar gurlar.
Bu ýerdäki edara ediş binasynda işgärleriň netijeli işi üçin ähli zerur şertler döredildi. Doly abadanlaşdyrylan toplumyň yşyklandyryş ulgamy täze merkeziň agşamky görnüşlerini has-da gözelleşdirýär. Şeýle hem bu ýerde awtoduralga göz öňünde tutuldy.