Ozal habar berşimiz ýaly, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden bellenilen güni paýtagtymyzyň demirgazygynda guruljak «Aşgabat siti» atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy.
Türkmenistanyň Prezidentine degişli bolan bu ägirt uly taslamada dünýä arhitekturasynda we şäher gurluşygynda bar bolan täzeçillikler we progressiw özgertmeler durmuşa geçiriler.
Ýurdumyzyň öňdebaryjy kärhanalarynyň onlarçasy «Aşgabat siti» atly döwrebap ýaşaýyş toplumynda ýaşaýyş jaý desgalarynyň gurluşygyny amala aşyrar. Elektrik we elektroniki önümleri öndürmek bilen tanalýan «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti hem «Aşgabat siti» atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna goşant goşar. Bu kompaniýa täze akylly şäheri elektrik enjamlary bilen enjamlaşdyrmaga gatnaşar. Bu babatda eýýäm «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti dünýädäki hyzmatdaş kompaniýalary bilen işewür duşuşyklary we gepleşikleri geçirip başlady.
Ýakynda, «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti «Optoled Elektrik Elektronik Aydinlatma Anonim Şirketi» türk kompaniýasy bilen daş görnüşinden torşer (poluň üstünde goýulýan uzyn aýakly çyra) lampalary diýlip atlandyrylýan akylly yşyklandyryş ulgamy bilen «Aşgabat siti» atly döwrebap ýaşaýyş toplumyny üpjün etmeklik üçin şertnama baglaşdy.
Häzirki zaman elektrik enjamlary akylly şäher taslamalarynyň ösüşinde özboluşly bir täzelikdir.
Akylly köçe lampalary awtoulaglara, awtoulag duralgalaryna, pyýada geçelgelerine gözegçilik etmäge, şeýle hem seýsmiki işjeňlikden ýa-da atmosfera üýtgemelerinden habarly bolmaga mümkinçilik berýär. Çünki, akylly köçe lampalary kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, akylly köçe lampalarynda polisiýa jenaýatlary çözmäge ýa-da zibil ýygnalşyny barlamaga kömek edýän; zäherli himiki maddalary, tozgajyklaryň mukdaryny ýa-da howanyň hapalanma derejesini kesgitleýän sensor oturdylandyr.
«Aýdyň gijeler» kompaniýasy öz alyp barýan işleriniň ähli ugurlarynda kämillige ymtylýar. Şol sebäpli hem kompaniýa Ýewropanyň we Aziýanyň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny öndürijileri bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýýar.
Şu günler «Aýdyň gijeleriň» wekilleri Moskwada iş saparynda bolýarlar. Soňra olar sapar bilen Hytaýa geçerler. Kompaniýanyň wekilleri bu saparlaryň çäginde Ýewraziýanyň başga-da käbir döwletlerinde bolup, tejribe alyşmagy meýilleşdirýärler.
«Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti importyň ornuny tutýan önümçiligi döretmek baradaky döwlet maksatnamasynyň çäginde «Älem», «Zemin» we «Tolkun» atly suwuk kristal ekrany bolan ilkinji ýerli telewizorlary, «Körpe» we «Milli» atly telefonlary, «Uçgun» waýfaý (wi-fi) routerleri, «Teşne» atly suw sowadyjy we gyzdyryjy enjamlaryny, «Mylaýym» atly sowadyjylary, «Şowly» monobloklary we beýleki önümleri öndürmek bilen tanalýar.