Soňky habarlar

Arhiw

Germaniýadaky zibilden XVII asyra degişli suratlar tapyldy

17:2119.06.2021
0
6236

Germaniýaly bir adam zibil gabyndan XVII asyra degişli özboluşly surat eserlerini tapdy. «Rossiyskaýa Gazetanyň» habaryna görä, bu suratlar Orenbak şäheriniň golaýynda tapyldy. Ol bu barada polisiýa habar berdi.

Sungat wekilleriniň pikirine görä, tapylan eserler olaryň asyl nusgasydyr. Hatda 1665-nji ýylda çekilen bir surat, italýan suratkeşi Pietro Bellotiniň öz portretidir. Olaryň ikinjisi bolsa gollandiýaly suratkeş Samuel wan Hugstrateniň «Oglanjygyň portreti» atly eseridir.

Hünärmenler häzire çenli suratlaryň bahasy barada anyk bir zady aýyp bilenok. Ýöne auksionlarda suratkeş Bellottiniň çeken suratlarynyň 200 müň dollardan gowrakdygyny, Wan Hugstrateniň eserleriniň bolsa takmynan 400 müň dollardygyny aýdýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň