Ýakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Söwda-senagat edaralarynyň Ýolbaşçylar geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda «Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly onlaýn maslahat geçirildi. Bu maslahatyň esasy maksady COVID-19 pandemiýasy zerarly emele gelen ykdysady şertlerde kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine ýardam bermek boýunça tejribe alyşmaklykdan, häzirki ýagdaýy nazara alyp, iň gowy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmaklykdan ybaratdyr.
«Işewürligi kämilleşdirmek hem-de ösdürmek üçin şertler» atly onlaýn maslahata biziň ýurdumyzdan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we «Türkmen-tranzit» kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdy. Bu onlaýn maslahatda
«Türkmen-tranzit» kompaniýasynyň wekilleri I. Döwletowa bilen D.Durdyýew çykyş etdi.
«Türkmen-tranzit» kompaniýasy programma üpjünçiligini durmuşa geçirmek babatynda biziň ýurdumyzdaky iň iri kompaniýalaryň biridir. Bu kompaniýa programmalary, web sahypalary döredýär, guramalarda elektron resminama dolandyryş ulgamyny ornaşdyrýar we maglumat howpsuzlygyny üpjün edýär. «Türkmen-tranzit» kompaniýasy wirtual sergileri geçirmeklik üçin niýetlenilen «Wirtual Sergi» internet platformasynyň hem döredijisidir. Bu platforma diňe bir Türkmenistan üçin däl, eýsem daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçinem uly üstünlikdir.