Dünýä çempionaty ― 2022-niň üçünji saýlama tapgyryna Aziýadan gatnaşjak ýygyndylar belli boldy

13:4816.06.2021
0
8571

2022-nji ýylda Katarda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň Aziýa yklymy boýunça saýlama duşuşyklary tamamlandy. Şeýlelikde, dünýä çemionatynyň üçünji saýlama tapgyryna çykan 12 milli ýygyndy belli boldy.

Has takygy, dünýä çempionatyna gatnaşmak ugrundaky göreşde Siriýanyň, Awstraliýanyň, Eýranyň, Saud Arabystanynyň, Ýaponiýanyň, BAE-niň we Koraý Respublikasynyň ýygyndylary toparçalarynda birinji orny eýelediler.

Ikinji orny eýelän iň gowy ýygyndylaryň bäşligine Omanyň, Yragyň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Liwanyň ýygyndylary girdi.

Şeýlelikde, bu 12 ýygyndy iki toparça bölünip ýaryşar. Her toparçada birinji we ikinji orny eýelän ýygyndylar dünýä çempionatyna gatnaşmaga ýollanma alar. Üçünji orny eýelän ýygyndylar bolsa öz aralarynda saýlama duşuşyklary geçirerler.

Nobatdaky tapgyr üçin bije çekilişik 1-nji iýulda bolar.

Ýeri gelende aýtsak, futbol boýunça nobatdaky dünýä çempionaty 2022-nji ýylyň 21-nji noýabry ― 18-nji dekabry aralygynda Katarda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň