Soňky habarlar

Arhiw

"Rysgal" PTB 90% müşderileri internet banking hyzmatyndan peýdalanýar

16:5810.06.2021
0
18380

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak meselesine aýratyn üns berilýär.

Innowasion sanly bank hyzmatlary bazar ykdysadyýeti şertlerinde söwda hem-de hyzmatlar ulgamynda bäsdeşligiň ýokarlanmagyna uly itergi berýär. Täze döwrebap innowasion tehnologiýalaryň bank edaralarynda ornaşdyrylmagy täze bank hyzmatlaryny ulanyşa girizmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgam arkaly ösdürmek boýunça bank edaralary tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde mümkin boldy. Bu ugurda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky hem müşderilerine hyzmatlaryň giň toplumyny hödürleýär.

Häzirki wagtda bank edaralary müşderilere internet arkaly menzilara döwrebap sanly bank hyzmatlaryny hödürleýär. Hususan-da, «Rysgal» PTB-niň hödürleýän «Internet banking» hyzmaty müşderä banka gelmezden, internet arkaly özara hasaplaşyk üçin pul serişdelerini geçirmäge mümkinçilik berýär. Bankyň müşderisi bu hyzmatyň üsti bilen öz hasabyndaky galyndynyň möçberini, karzlaryň hem-de depozitleriň töleg tertibini, daşary ýurt pullarynyň hümmetini görüp bilýär. Onda işgärleriň aýlyk haklaryny geçirmäge-de mümkinçilik bar. Belläp geçsek, häzirki wagtda «Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň müşderileriniň 90 göterimi bu hyzmatdan peýdalanýar.

Raýatlara hödürlenýän karzlary sanly ulgam arkaly resmileşdirmekde ýeňillikleri döretmek bilen bagly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň bank edaralarynyň internet web-saýtlarynda bu ugurdaky işleriň ýola goýluşy baradaky maglumatlary, mahabatlary we karz almak isleýän müşderilere gerekli resminamalaryň sanawyny almak ýaly mümkinçilikler döredildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň