Türkmenistanda ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň sany artýar

12:3410.06.2021
0
58230

Türkmenistanda ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak bilen bagly uzak wagtlyk çäklendirmelerden soň, içerki demir ýol gatnaw ugurlarynyň sany artýar.

9-njy iýundaky ýagdaýa görä, «Demirýollary» AGPJ 33 sany demir ýol gatnawyny işe girizdi, şolardan 8-si Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine we Türkmenbaşydan Aşgabada yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Bu ugur boýunça gatnawlar gündelik ýerine ýetirilýär.

Beýleki ugurlar boýunça demir ýol ulaglary boýunça ýolagçy gatnawlary hepdede bir gezekden üç gezege çenli amala aşyrylýar. Şol bir wagtda bu gatnawlaryň sany hem artdyrylýar.

Ýolagçy demir ýol gatnawlarynyň tertibi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz. Bulardan başga-da, «Demirýollary» AGPJ-niň resmi saýtyndan we Android hem-de iOS üçin niýetlenilen programmalaryndan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň