Arhiw

Nýu-Ýorkda Harri Pottere bagyşlanan dünýädäki iň uly dükan açyldy

14:1905.06.2021
0
3811

Warner Bros. kompaniýasy Nýu-Ýorkda Harri Pottere we hyýaly jandarlara bagyşlanan dünýädäki iň uly dükanyny açdy. Ilkinji iş gününde açylyşyň öňüsyrasynda dükanyň öňünde uly nobat düzüldi diýip, ru.euronews.com habar berýär.

Üç gatly söwda giňişligi, takmynan, 2000 inedördül metr meýdany eýeleýär, bu bolsa ony kino muşdaklary üçin iň uly dükanlaryň birine öwürýär.

Dükanda “Harri Pottere” we “Hyýaly jandarlara” bagyşlanan iň uly harytlar toplumy hödürlenýär. Mundan başga-da, bu ýerde filmlerde peýda bolan rekwizitleriň käbirleri görkezilýär. Janköýerlere dükanyň üýtgeşik tematikasy bilen tanyşmak we özboluşly ýagdaýlarda surata düşmek mümkinçiligi hödürlenýär.

Harry Potter New York dükany Warner Bros. kompaniýasynyň barha giňeýän obýektler toplumynyň bir bölegidir. Bu ýer Feniks Fouksyň ägirt modeliniň oturdylan girelgesinde alyjylary özüne çekýär. Dükanyň içinde doly sensorly wirtual tejribäniň kömegi bilen hyýaly dünýä ýa-da “jadyly syýahatlara” gitmek bolýar: mysal üçin, Hogwartsa syýahat etmek üçin Dobbi öý elfine goşulmak ýa-da Ölüm iýijilerine garşy göreşmek üçin Hagrid bilen bilelikde uçýan sübsä münmek.

Harry Potter New York dükanynda interaktiw duel stoly hem bar, şeýle-de suwuk ýa-da doňdurma görnüşinde içgi sargyt etmek üçin bar açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň