Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

23:5602.06.2021
0
5333

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we döwlet durmuşyna degişli beýleki wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, halkymyzy azyk önümleri bilen doly üpjün etmek üçin azyk bolçulygyny pugtalandyrmak möhümdir diýip, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda 4-nji iýunda, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 11-nji iýunda galla oragyna girişmäge ak pata berdi. Asylly däbe görä, ýurdumyzyň hormatly ýaşululary galla oragyna “Bismilla” diýip, başlap bererler.

Iş maslahatynda welaýat häkimleri şu ýylyň bäş aýynda welaýatda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler. Ýakynlaşyp gelýän galla oragy möwsümine häzirki zaman kombaýnlarynyň we beýleki ýörite tehnikalaryň, galla kabul edýän bölümleriň taýýarlygynyň derejesi barada habar berildi. Şeýle hem gowaça ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri öz wagtynda berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýetişdirilen galla hasylyny gysga möhletlerde we ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, orak möwsümini guramaçylykly geçirmegiň anyk meýilnamasynyň düzülmelidigini, möwsümde işlediljek kombaýnlaryň we ýük awtoulaglarynyň zerur bolan möçberleriniň kesgitlenilmelidigini belledi.

Orak möwsüminde işleýänleriň ýokary zähmet öndürijiligini üpjün etmek, olaryň göwnejaý dynç alşyny ýola goýmak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir diýip, milletiň Lideri tabşyrdy.

Gowaça edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk hem-de ýokary hilli geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr diýip, döwlet Baştutany belledi we bu babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän oba hojalyk toplumynda ýerine ýetirilýän işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Öňde boljak galla oragyny guramaçylykly geçirmek,gowaça degişli derejede ideg etmek boýunça ýerine ýetirilýän çäreler barada giňişleýin maglumatlar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň