Top.Mail.Ru

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda» Permany

07:2925.05.2021
0
5870

Aşgabat — Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ak mermerli paýtagty, ony Aziýanyň merjen şäheri diýip atlandyrýarlar. Ol iri şäherleriň keşbine eýe bolmak bilen, ýaşamak we dynç almak üçin dünýäniň iň owadan we amatly şäherleriniň biriniň derejesinde ykrar edilýär. Parahatçylygy dörediji, halkara çäreleriň geçirilýän sebit merkezi bolmak bilen, gözel paýtagtymyz özboluşly binagärlik taslamalary boýunça döredilen köp sanly dolandyryş, önümçilik, işewürlik, maliýe, ylym-bilim, medeniýet, lukmançylyk, sport, syýahatçylyk, söwda, dynç-alyş merkezlerini we beýleki desgalary özünde jemleýär. Özüniň binagärlik keşbini depginli täzeleýän türkmen paýtagty Merkezi Aziýada iň uly Olimpiýa şäherçesiniň, ajaýyp binalaryň we desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň tapgyrlaýyn gurulmagy netijesinde has-da gözel görke eýe bolýar. Aşgabadyň özboluşly ajaýyp desgalarynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna 11 gezek girizilendigi hemmämizi buýsandyrýar.

Aşgabat şäherini ýokary depginler bilen ösdürmegiň konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşy üçin iň amatly şertleri döretmekde, paýtagtymyzy dünýä ýalkym saçýan, iňňän owadan şähere öwürmekde ýurdumyzyň her bir raýatynyň mynasyp paýy bar. Şoňa görä-de, Aşgabada ykbalyny baglan we şäheriň ýokary sepgitlere ýetmegine uly goşant goşan watandaşlarymyz döwlet derejesinde sarpalanmaga mynasypdyr.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ilata hyzmat etmegiň çygryny kämilleşdirmekde, döredijiligi bilen adamlary ruhy galkynyşlara ruhlandyrmakda, sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işinde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge we okatmaga, ýokary derejeli hünärmenleri, türgenleri we sport toparlaryny taýýarlamaga goşan şahsy goşantlary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň ordenleri we medallary bilen sylaglamaly:

Türkmenistanyň «Ruhubelent» ordeni bilen:

«Edebiýat we sungat» gazetiniň esasy ugurlar boýunça bölüm müdiri Amangözel Şagulyýewany,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Babasary Annamyradowy,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň uly mugallymy Saragt Babaýewi;

Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň iş dolandyryş bölüminiň iş dolandyryjysy Döwrangeldi Ahmedowiç Ýabanowy,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň iş dolandyryş bölüminiň esasy hünärmeni Asker Aliýewiç Rahimowy,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy Annajemal Saparowna Nurmuhamedowany,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň «Türkmenýertaslama» döwlet taslama institutynyň baş inženeri Çarymyrat Amanýazowiç Täçmämmedowy;

Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen:

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň işgärler bölüminiň başlygy Aýnabat Sapardurdyýewna Kakyşewany,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap salgyt bölüminiň şahsy taraplary barlag bölümçesiniň baş salgyt gözegçisi Begenç Myradowiç Sopyýewi,

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň işgärler syýasaty we ýörite işler bölüminiň uly döwlet gözegçisi Sadap Hanseýidowna Hudaýkulyýewany,

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň Pul dolanyşygy müdirliginiň baş hünärmeni Olga Myradowna Ataýewany,

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň Maliýe hasaplaşygy müdirliginiň bank hyzmatlary bölüminiň baş hünärmeni Sonagül Nuryýewna Babaýewany,

«Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Amallar müdirliginiň bank kart amallar bölüminiň esasy hünärmeni Oksana Georgiýewna Bolhowitinowany,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň awtogaražynyň sürüjisi Hanlar Baýmurzaýewiç Şamurzaýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Aşgabatgaz» müdirliginiň «Büzmeýinetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň ussasy Sähetdurdy Gulmyradowiç Amangeldiýewi,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň geofizika bölüminiň uly ylmy işgäri Irina Wasilýewna Allanurowany,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň Burawlamanyň dowamynda guýulary derňemek boýunça geologiýa-tehnologiki otrýadlarynyň 11-nji toparynyň başlygy Arslan Annamuhammedowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Işçi iýmiti üpjünçiligi we hyzmatlar» müdirliginiň Nebitgaz toplumynyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň merkezi binasyna hyzmat ediş gullugynyň işgäri Aýgözel Aşyrowna Kömekowany,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginiň Aşgabat aragatnaşyk gullugynyň radiooperatory Awdykerim Taýçaýewiç Gurbanowy,

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň Gaz geçirijileri ulanyş we elektro-himiki gorag gullugynyň gaz we elektrik bilen kebşirleýjisi Baýramguly Amangulyýewiç Öwezliýewi,

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň «Abatlaýyş ulag» döwlet kärhanasynyň sürüjisi Döwlet Gurbanowiç Hojamuhammedowy,

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Baş döwlet seljeriş müdirliginiň çenlik bölüminiň baş hünärmeni Lýudmila Alekseýewna Lawrýonowany,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Zarba» ýöriteleşdirilen döwlet kärhanasynyň baglara ideg etmek boýunça işçisi Ýagşygül Ýazmuhammedowna Ilamanowany,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Senagattaslama» taslama institutynyň işgärler bilen işleýän baş hünärmeni Madina Rahatowna Konirowany,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň kabel önümlerini öndürýän esasy önümhanasynyň ussasy Sylap Hudaýgulyýewiç Amangeldiýewi,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Aşgabat şäherindäki «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň baş inženeri Meýlismyrat Garajaýewi,

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Büzmeýin etrabyndaky «Demirbetonönümleri» kärhanasynyň operatory Çarysähet Baýramgeldiýewiç Döwletowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň Köpetdag etrap elektrik ulgamynyň elektrik ussasy Döwran Nurmyradowiç Garagozowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Aşgabatenergo» önümçilik birleşiginiň Köpetdag etrap elektrik ulgamynyň elektrik ussasy Ýunus Akmyradowiç Berkeliýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň transformator önümhanasynyň Aşgabat bölümçesiniň elektrik ussasy Baýdurdy Şadurdyýewiç Baýdurdyýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň «Türkmenenergoabatlaýyş» ýöriteleşdirilen önümçilik birleşiginiň elektrik ussasy Guwanç Ýazgeldiýewiç Synykowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň maşinisti Jumabaý Bazarowiç Tuwakowy,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň Şäheri yşyklandyryş müdirliginiň Köpetdag etraby boýunça elektrik ussasy Silap Orazmämmedowiç Ataýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň Büzmeýin demir-beton önümleri kärhanasynyň mehanigi Orazmyrat Allaberdiýewiç Agaýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Aşgabatenergogurluşyk» kärhanasynyň awtoulag bölüminiň sürüjisi Saparmuhammet Babaýewiç Opbyýewi,

Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergogurluşyk» konserniniň «Sütün» ýöriteleşdirilen dolandyryş edarasynyň topar ýolbaşçysy Igor Alekseýewiç Tarasowy,

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň aragatnaşyk ulgamlaryna hyzmat ediş bölüminiň hünärmeni Jumaberdi Ataýewi,

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 8-nji tehniki aragatnaşyk bekediniň esasy hünärmeni Atamyrat Hallyýewi,

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 2-nji tehniki aragatnaşyk bekediniň kabel kebşirleýjisi Tirkeş Medaliýewiç Aýmämmedowy,

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 23/7-nji awtomatiki telefon bekediniň esasy hünärmeni Bägül Janmyradowna Çaryýewany,

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Aerodrom gullugynyň işçisi Baýramdurdy Rejepowiç Jumaýewi,

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat Halkara howa menziliniň Ýöriteleşdirilen awtoulaglar gullugynyň sürüjisi Konstantin Markowiç Kondraşkini,

«Türkmendemirýollary» agentliginiň «Türkmendemirýollary» döwlet kärhanasynyň Aşgabat raýat desgalary şahamçasynyň tehniki önümçilik bölüminiň inženeri Marina Sergeýewna Sarkisowany,

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 4-nji şahamçasynyň elektrik mehanigi Orazmämmet Halowowiç Meredowy,

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 9-njy şahamçasynyň uly ussasy Ýegenmät Allamowiç Saparowy,

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň 3-nji şahamçasynyň ýolagçy otlulary abatlaýyş-ýola taýýarlaýyş bölüminiň agaç ussasy Kakamyrat Täşliýewiç Mämmedowy,

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň bejeriş ussahanalar bölüminiň bejerijisi Öwezberdi Rejepdurdyýewiç Guljanowy,

«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasynyň önümçilik administratiw hojalyk bölüminiň garawuly Rejepmyrat Saparmuhammedowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşky gurşawy goramak gullugynyň Ekologiýa gözegçilik gullugynyň direktorynyň orunbasary Nury Amandurdyýewiç Jumaşowy,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň Türkmenistanyň awiameteorologiýa merkeziniň awiaçaklamalar toparynyň esasy inženeri Guljanmyrat Halbaýewiç Hajyýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň metodologiýa we gözegçilik bölüminiň baş hünärmeni Rauşaniýa Raşitowna Ismailowany,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň Gidrometeorologiýa merkeziniň çaklamalar bölüminiň tehnik-meteorology Şirin Atakulyýewna Atakulyýewany,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Ýer serişdeleri müdirliginiň esasy hünärmeni Merdan Annamämmedowiç Lommaýewi,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ýer serişdeleri gullugynyň Aşgabat şäher ýer serişdeleri müdirliginiň başlygynyň orunbasary Rejepgeldi Naryýewiç Hojagulyýewi,

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» institutynyň ylmy-barlag bölüminiň baş hünärmeni Nurmuhammet Taýlyýewi,

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň buhgalter hasabaty bölüminiň başlygynyň orunbasary Irina Gennadýewna Sawoçkinany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabadyň dokma toplumynyň Tikin fabriginiň tikinçisi Ogulsadap Çaryýazowna Ataýewany,

«Gap-Türkmen» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Tikin fabriginiň önüme serenjam berme bölüminiň işçisi Ogulbaýram Nazarowna Saryýewany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Gypjakdaky Saparmyrat Nyýazow adyndaky dokma toplumynyň örüjisi Ogulnabat Nurmyradowna Ezizowany,

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Ruhabat dokma toplumynyň Ýüplük fabriginiň operatory Gülkamar Kakamyradowna Weliýewany,

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Türkmenhaly» söwda merkeziniň harytçysy Dursuntäç Şatmyradowna Annaorazowany,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy Bahargözel Jumaýewna Gaýypnazarowany,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň biologiýa mugallymy Aýjemal Rahmanowna Halykowany,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň hyzmat ediş işgäri Aýnagözel Babaýewna Annamuhammedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Aşgabat şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň zyýansyzlandyryjy lukmany Abadan Garaýewna Paltaýewany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň rentgen laboranty Munziýa Mishatowna Mamedowany,

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Ýokanç keselleri bejeriş-öňüni alyş merkeziniň şepagat uýasy Güljan Sabyrowna Ataýewany,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň erkin göreş bölüminiň tälimçisi Wladimir Akopowiç Ter-Akopýany,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň «Nebitiň, gazyň himiýasy we tehnologiýasy» barlaghanasynyň uly ylmy işgäri Aýdyn Džafar ogly Ahmedowy,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň Garaşsyzlyk döwrüniň taryhy bölüminiň esasy ylmy işgäriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Kakajan Baýramowy,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň aktýoryň ussatlygy we sahna dili kafedrasynyň uly mugallymy Aşyrmyrat Gurbanowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Owaz» estrada orkestriniň baş dirižýory Nurygandym Hojamuhammedowy,

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň ulaglaryň maddy-tehniki üpjünçilik bölümçesiniň sürüjisi Amanberdi Muhammetberdiýewiç Allaberdiýewi,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň geýim tikmek boýunça ussasy Galina Semýonowna Nafikowany,

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň binalara, gurnamalara we enjamlara hyzmat ediji we ýeňil abatlaýjy işçisi Güneşli Muhammedowiç Nyýazberdiýewi,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň önümçilik-tehniki bölüminiň başlygy Öwezmuhammet Annamuhammedowy,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň mehanigi Ýazmyrat Garagulowy,

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň baş inženeri Myrat Geldiýewiç Gurbanowy,

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň hyzmat ediş we ulag gullugy bölüminiň sürüjisi Saparkuli Hudaýkuliýewiç Soýunsafarowy,

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy, erkin dörediji Tamara Mihaýlowna Kiselýowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» döredijilik toparynyň çeper ýolbaşçysy Göwher Allaberdiýewna Berdimyradowany,

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy Akmuhammet Amanowiç Saparowy,

Aşgabat şäher häkimliginiň ýerli ykdysadyýete seretmek we maliýe bölüminiň baş hünärmeni Leýla Aganyýazowna Nobatowany,

Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimliginiň hyzmat ediş işgäri Ýazbibi Nurýagdyýewna Aýymowany,

Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap häkimliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň baş hünärmeni Maýsa Saparowna Saparowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň Janly tebigatyň milli muzeýiniň akwarium we terrarium bölüminiň işgäri Aknabat Akmyradowna Rejepowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň jaýlara, desgalara we enjamlara hyzmat etmek we ýeňil abatlaýjy işçisi Serdar Durdyýewiç Annagulyýewi,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkeziniň ýokary woltly elektrik energiýa boýunça operatory Aleksandr Walentinowiç Galikowy,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabat» medeni dynç alyş merkezi seýilgähiniň attraksionlar boýunça operatory Täzegül Annageldiýewna Rejepowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabathyzmat» önümçilik birleşiginiň «Gunça» hyzmat bölüminiň ýumşak mebelleri gaýtadan bejerýän bölüminiň tikinçisi Enekeýik Hydyrgulyýewna Berdiliýewany,

Aşgabat şäher häkimliginiň 2-nji ýolgurluşyk kärhanasynyň hyzmat ediş işgäri Gülsoltan Çaryýewany,

Aşgabat şäher häkimliginiň Aşgabat jemagat önümçilik tehniki üpjünçilik müdirliginiň ýol bejerijisi Amangül Atajanowna Tolýakowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň Büzmeýindäki ýolgurluşyk önümleri kärhanasynyň buldozer sürüjisi Amanmuhammet Şadowiç Nurgeldiýewi,

Aşgabat şäher häkimliginiň Aşgabat atçylyk sport toplumynyň hojalyk bölüminiň hyzmat ediş işgäri Oguljeren Omatowna Seýidowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy Läle Saparowna Annamyradowany,

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat önümçilik tehniki üpjünçilik müdirliginiň 2-nji bazasynyň agaç ussasy Ýazmuhammet Aýmyradowiç Soltanowy;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmaly:

«Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň «Nebitmaş» döwlet kärhanasynyň önümçilik-tehniki bölüminiň esasy hünärmeni Amangeldi Kebaýewiç Hojaýewe;

«Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri» diýen hormatly ady:

Aşgabat şäher häkimliginiň «Aşgabathyzmat» önümçilik birleşiginiň baş direktorynyň orunbasary Artur Borisowiç Aganowa;

«Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady:

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň ok atmak bölüminiň tälimçi-mugallymy Waleriý Hallyýewiç Arabowa,

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň dzýudo göreşi boýunça tälimçi-mugallymy Ahmet Rahymowiç Altyýewe.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň