Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň Awazada dynç almagyň tertibi boýunça hasabaty

13:2115.05.2021
0
41362

14-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow topar tarapyndan alnyp barylýan işler we teklipler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň hasabat bermegine görä, türkmen Lideriniň tabşyryklaryna laýyklykda, ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, ýurduň çägine ýokanç keselleriň aralaşmagynyň öňüni almak boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen hem-de maşgala lukmanlary tarapyndan sagdyn durmuş ýörelgelerini, öňüni alyş çäreleriniň we lukman maslahatlarynyň dogry we dürs ýerine ýetirilmegini düşündirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Raýatlar dynç alşa gitmezinden öň, ýollamanama alandan soň, welaýatlarda we Aşgabat şäherinde kesgitlenilen ýörite ýerlerde (saglyk öýlerinde) COVID-19-a garşy sanjym alarlar. Şunuň bilen baglylykda, zerur bolan hemme anyklaýyş we sarp ediş serişdeleriniň ýeterlik mukdarda bar we olaryň ätiýaçlyk gory döredildi. Şeýle hem degişli meýilnama laýyklykda, ýurdumyza Polimeraz zynjyrly reaksiýasynyň enjamynyň ikisi getirildi. Bu enjamlary Türkmenbaşy şäherinde arassaçylyk-epidemiologiýa gullugynyň barlaghanasynda gurnamak göz öňünde tutulýar.

Dynç alşa gidýän 18 ýaşdan uly raýatlara COVID-19-a garşy sanjym edilendigini hem-de soňky 72 sagadyň dowamynda lukmançylyk gözegçiliginden geçilendigini, şeýle hem koronawirus ýokanjynyň ýokdugyna degişli barlagyň geçilendigini tassyklaýan resminama berler. 18 ýaşdan kiçi raýatlar, öz nobatynda, soňky üç gije-gündiziň dowamynda lukmançylyk barlagyndan geçendigi we test tabşyrandygy barada resminama alarlar.

Awazadaky hyzmat ediş desgalaryna işe kabul edilen işgärler bellenen tertipde lukmançylyk gözegçiliginden geçmeli bolarlar hem-de COVID-19-a garşy test barlagyndan geçendigini tassyklaýan resminama almaly bolar. Häzirki wagtda bu işgärlere koronawirusa garşy sanjym edildi.

Milli syýahatçylyk zolagynyň çäklerindäki hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri her 15 günden çalşyk görnüşinde işlärler we her çalşykda COVID-19-a garşy test barlagyny geçerler.

Tomusky dynç alyş möwsüminde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç alşa gelýän raýatlaryň Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde, demir ýol we awtoulag menzillerinde beden gyzgyny ölçenilýär.

Dynç alşy bökdençsiz üpjün etmek maksady bilen, Awazanyň ähli myhmanhanalarynda, kottejlerinde we sagaldyş merkezlerinde lukmançylyk otaglary hem-de ýokanç kesele güman edilen näsaglar üçin izolýatorlar döredildi. Zerur bolan derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler bilen üpjün edilen şol otaglarda we izolýatorlarda beýlekilerden üzňe saklamak üçin ýerler tejribeli lukmanlaryň nobatçylygy guralar.

Gaýragoýulmasyz lukmançylyk hyzmatlary ýerine ýetirmek maksady bilen, gije-gündiz işleýän lukmançylyk bölümi döredilip, oňa “Tiz kömek” awtoulagy berkidiler. Dynç alyş möwsüminde syýahatçylyk zolagyndaky desgalarda 35 lukman, 35 şepagat uýasy we 12 sanitar lukman saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirer.

Dynç alyş döwründe ýiti öýken sowuklama keseline güman edilen adamlar Awaza etrabynda ýerleşýän karantin merkezine ýerleşdiriler.

“Awazada” ýerleşen desgalarda we olaryň daş-töwereginde dezinfeksiýa, dezinfeksiýa we deratizasiýa işleri yzygiderli geçiriler. Naharhanalarda we aşhanalarda jemgyýetçilik iýmitiniň guralyşyna, iýmit önümleriniň hiline, howpsuzlygyna hem-de saklanylyşyna gözegçilik ediler.

Hazar deňziniň suwunyň ekologiýa we sanitariýa-epidemiologiki ýagdaýyna, zolagyň çäginde ýerleşýän agyz suw süýjediji hem-de beýleki desgalarda, şeýle hem adamlaryň suwa düşýän we dynç alýan ýerlerinde arassaçylyk ýagdaýlaryna gözegçilik amala aşyrylar. Meýilnama laýyklykda, Hazaryň türkmen kenarynyň bellenen nokatlarynda suwuň, topragyň we howanyň barlaglary geçirilip durlar.

Şular bilen birlikde, ýurdumyzyň şypahanalary hem tomusky dynç alyş möwsümine doly taýýarlanyldy. Islendik şypahanada saglygyny dikeltmegi üçin raýata ýaşaýan ýeri boýunça saglyk öýünden berilýän şypahana depderçesi hem-de saglyk ýagdaýy barada kepilnama zerurdyr. Saglygy dikeltmek üçin «Awaza» şypahanasyna barmaga we onda bolmaga ygtyýar COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym edilendigi baradaky goşmaça kepilnama esasynda berilýär.

Çagalar sagaldyş merkezlerini öňümizdäki dynç alyş möwsümine taýýarlamak maksady bilen, geçirilýän ähli işlere gözegçiligi amala aşyrýan ýörite topar döredildi. Tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak, şol sanda ähli sagaldyş merkezlerinde zyýansyzlandyryş işlerini geçirmek, binalaryň içinde her gün 2-3 wagtyna üzärlik tütetmek we otaglary ýelejiretmek, zir-zibil ýygnalýan ýerleri her gün arassalap durmak we zyýansyzlandyrmak, guralýan çäreleriň dowamynda howpsuz aralygyň saklanylmagyny berjaý etmek, çagalaryň beden gyzgynyny yzygiderli galtaşyksyz ölçemek, çagalar sagaldyş merkezleriniň işgärlerine sanjym etmek göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, tomusky dynç alyş döwründe öňüni alyş çäreleriniň ählisini Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary tarapyndan kabul edilen çözgütlere pugta laýyklykda amala aşyrmak maksat edinilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň