Soňky habarlar

Arhiw

AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahal» ilkinji duşuşykda «Rawşany» ýeňdi

20:5414.05.2021
1
8104
AFK-nyň kubogy ― 2021: «Ahal» ilkinji duşuşykda «Rawşany» ýeňdi

«Ahal» futbol topary AFK-nyň kubogy ― 2021-iň ilkinji duşuşygynda şu gün Täjigistanyň «Rawşanyny» ýeňdi.

Bişkek şäherinde geçirilen duşuşyk 3:1 hasabynda Türkmenistanyň wise-çempionynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

«Ahal» pökgüleriniň ikisini 14-nji we 18-nji minutlarda Elman Tagaýew, birini bolsa 63-nji minutda Gurban Annaýew geçirdi. «Rawşanyň» düzüminde bolsa 52-nji minutda Daler Şomurodow 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şeýlelikde, «Ahal» 3 utuk bilen «E» toparçanyň başyny çekýär. Heniz duşuşyk geçirmedik «Dordoý» bilen düýn utulan «Rawşanda» utuk ýok.

«Ahal» yklym ýaryşyndaky indiki duşuşygyny 17-nji maýda «Dordoý» bilen geçirer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Eshshiyev ( 16.05.2021 )

Ahal saňada üsstünlik. Altyn Asyra meňzäp gerekmejek ýere utuk ýitirme

0