Soňky habarlar

Arhiw

«Hujandyň» baş tälimçisi: «Altyn asyr» diýseň güýçli garşydaş»

21:4013.05.2021
0
4959

Şu gün Duşanbe şäherinde AFK-nyň kubogy ― 2021-iň çägindäki duşuşygyň öňüsyrasynda geçirilen metbugat maslahatynda Täjigistanyň «Hujand» futbol toparynyň baş tälimçisi Rustam Hojaýew duşuşyk baradaky pikirlerini beýan etdi.

― Ertirki oýundan garaşýan netijäňiz barada aýdaýsaňyz!

― «Altyn asyr» AFK-nyň kubogyndaky güýçli bäsdeşlerimiziň biri. Topar bu ýaryşa köp gatnaşdy, tejribeli. Biz özümizi kanagatlandyrjak netijä garaşýarys, galanynam oýun görkezer.

― Toparçadan çykyp bilmezligi şowsuzlyk hasap edermisiňiz?

― Bu barada öňünden hiç zat aýdyp bilmerin. Bu ― futbol, oýunda her hili ýagdaý bolup biler. Toparçadan çykyp, indiki tapgyra geçip bilmezlik şowsuzlyk bolar öýdeok. Biziň öňümizde goýan maksatlarymyz bar, şolara ýetmek üçin göreşeris. Garşydaşlarymyz ― örän güýçli toparlar, ýöne olardan çekinemzok. Olara hormat goýýarys. Güýçlerinden habarymyz bar, şoňa laýyk hem taýynlyk gördük. Gowy oýun görkezeris diýip, tama edýäris.

― Garşydaşlaryňyzyň arasynda haýsysy size iň uly kynçylygy döredip biler?

― Olaryň ählisi kemsiz taýýarlyk bilen gelendir. Häzirlikçe, «Alaý» ýa-da «Nasaf» bilen boljak duşuşyklar barada pikir edemzok. Diňe «Altyn asyr» bilen boljak oýundan oňyn netije almagyň meýlini biçýäris.

― Duşuşyklar Duşenbede geçýär, olara janköýerler kabul ediler. 12-nji oýunçylar ― öz janköýerleriňiz size artykmaçlyk berip bilermi?

― Hawa, öz ýeriňde oýnamak goldaýar. Hususan-da, janköýerlerimiziň goldawy biziň üçin juda möhümdir. Dogrudanam, bu biziň artykmaçlygymyz. Olaryň ählisini ertirki duşuşyga çagyrýaryn.

― «Hujand» Türkiýede okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda boldy. Bu türgenleşikler toparyň möwsümdäki çykyşyna nähili täsirini ýetirer?

― Munuň üçin Täjigistanyň Futbol federasiýasyna we wekilçilik edýän şäherimiziň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirýäris. «Hujand» futbol topary taryhynda ilkinji gezek daşary ýurtda okuw-türgenleşiginde boldy. Antalýada dürli güýçdäki garşydaşlarymyz bilen geçiren ýoldaşlyk duşuşyklarymyz diýseň netijeli boldy. Men oýunçylarymyzyň şol duşuşyklarda toplan tejribesini AFK-nyň kubogynda hem peýdalanjakdygyna ynanýaryn. Gynansagam, AFK-nyň kubogy ýaly halkara ýaryşlar diýseň az. Şonuň üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary we olarda geçirilen ýoldaşlyk duşuşyklary biziň üçin uly mekdepdir.

«Hujandyň» gazagystanly goragçysy Maksim Grek hem žurnalistleriň sowallaryna jogap berdi.

Ertirki oýundan nähili netijä garaşýarsyňyz?

- Meniň pikirimçe, biz ertir birnäçe ýyl bäri bu ýaryşyň çempionlygynyň dalaşgäri bolan garşydaşymyz bilen oýnaýarys. Janköýerleriň bizden garaşýan oýnuny görkezeris diýip umyt edýärin. Biz duşuşyklara ýokary taýýarlyk bilen geldik, netijesini görjekdigimize ynanýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň