Top.Mail.Ru

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda işewürler geňeşiniň mejlisi geçirildi

22:5112.05.2021
0
3595

11-nji maýda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Söwda-Senagat edarasynyň, şeýle hem beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Koreý tarapyndan mejlise Koreýanyň Halkara söwda assosiasiýasynyň we Koreýa Respublikasynyň Senagat, söwda we energetika ministrliginiň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň çäklerinde gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň söwda-ykdysady ugry boýunça ösdürilmeginiň hem-de giňeldilmeginiň mükinçiliklerine seredip geçdiler. Mundan başga-da halkara gün tertibi bilen bagly wajyp meseleler boýunça pikir alşyldy.

Mejlisde esasan ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýän meselelere üns berildi. Hususan-da energetika, ulag, senagat hem-de suw hojalygy ulgamlaryna degişli meselelere aýratyn seredilip geçildi. Şeýle hem gämi gurluşygy we sanly tehnologiýalar ugurlary boýunça işleýän koreý kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem kämilleşdirilmeginiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň