Mary Döwlet elektrik stansiýasyndan Owganystanyň Hyrat şäherine çenli uzaýan elektrik geçirijisi işe girizilmäge taýýar edildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Bu elektrik geçirijisini awgust aýynda işe girizmek meýilleşdirilýär.
Kuwwaty 220 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamy Türkmenistan ― Owganystan ― Pakistan ugrunyň bir tapgyrydyr.
Ýeri gelende aýtsak, Türkiýäniň «Çalyk Enerji» kompaniýasy täze ulgamyň baş potratçysy we maýa goýujysy bolup hyzmat edýär. Gurluşygyň esasy işleri türkmenistanly hünärmenler tarapyndan alnyp baryldy.
Gurluşyk wagtynda ýokary woltly sütünleriň 876-sy guruldy. Olar elektrik geçiriji simleri bilen doly üpjün edildi. Mary DES-inde açyk kommutator hem guruldy. Häzirki wagtda Serhebat etrabynda 220/110/10 kilowoltlyk transformator podstansiýasynyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Täze ulgamdaky ähli işleri maý aýynyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär.