Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Beýik Watançylyk urşundan gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlarynda pul sowgadynyň hem-de gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylmagy hakyndaky Permana gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.
Resminama laýyklykda, welaýatlaryň, şäherleriň hem-de etraplarynyň häkimliklerine 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 76 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna hem-de uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberinde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmak tabşyryldy.
Şeýle hem Ministrler Kabinetiň mejlisinde türkmen Lideri 9-njy maýda uly baýramyň - Ýeňiş gününiň bellenip geçiljekdigine ünsi çekdi. Şu ýyl bu şanly senäniň Oraza aýyna gabat gelýändigi üçin hormatly Prezidentimiz ähli dabaraly çäreleri 9-njy maýda agşam geçirmegi teklip etdi. Şol gün Bekrewedäki ýadygärlikler toplumyna gül goýlar. Soňra bolsa, sadaka berip, uruşdan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzyň ählisi ýatlanylar.