Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda iki ýokary okuw mekdebi täze okuw ýylyndan hojalyk hasaplaşygyna geçer

14:0401.05.2021
0
44867

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna 2021-2022-nji okuw ýylyndan başlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Telekommunikasiýalar we informatika institutyny doly hojalyk hasaplaşygyna geçirmek baradaky teklip hödürlenildi. Şeýle hem dürli ulgamlara, şol sanda saglygy goraýyş ulgamyna täze, zerur hünärleri girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Wise-premýer M.Geldinyýazow gözegçilik edýän ulgamynda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, tölegli esasda okadylýan ýokary okuw mekdepleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak, bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we giňeltmek üçin, olary doly hojalyk hasaplaşygyna tapgyrlaýyn geçirmek barada beren tabşyrygyna laýyklykda, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini 2024-nji ýyla çenli halkara derejeli ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak boýunça geçirilmeli çäreleriň meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Bilim hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri tarapyndan degişli işler geçirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň