Arhiw

Türkmenistan bilen Gazagystan ikitaraplaýyn ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmäge taýýar

23:4428.04.2021
0
12049

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Goňşy döwletiň Baştutany söhbetdeşligiň başynda türkmen Liderine öwezini dolup bolmajak ýitgi — kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykandygy zerarly özüniň çuňňur duýgudaşlygyny ýene-de bir gezek beýan etdi hem-de ähli gazagystanlylaryň tüýs ýürekden gynanjyny ýetirdi.

Söhbetdeşler giň gerimli ugurlar boýunça söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, bu gün iki döwletiň hem özara söwdanyň, maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak, ulag, aragatnaşyk babatda, senagatyň dürli pudaklarynda, şol sanda azyk, himiýa, ýeňil we elektrotehnika pudaklarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin ýeterlik kuwwata eýedigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Iki döwletiň Baştutanlary türkmen-gazak gatnaşyklarynyň ynanyşmak häsiýetiniň gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmek bilen birlikde, häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, gatnaşyklaryň täze ugurlaryny kemala getirmäge mümkinçilik berjekdigi barada bir pikiri beýan etdiler.

Ylym we bilim ulgamynda soňky ýyllarda ýola goýlan ýakyn hem-de netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine mundan beýläk-de uly üns berler, munuň şeýle bolmagyna köp babatda goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhy umumylygy, medeni we ruhy däpleriniň ýakynlygy ýardam berýär.

Türkmenistanyň hem-de Gazagystanyň Liderleri döwletara gatnaşyklara täze itergi we many-mazmun bermäge umumy maksatlaryny tassyklap, däp bolan dostlukly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mizemezdigine hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi özi üçin islendik amatly wagtda ýurdumyza gelmäge çagyrdy. Çakylyk hoşallyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň