Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň raýatlary Daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak boýunça onlaýn-okuwlara çagyrylýar

10:1028.04.2021
0
12600
Türkmenistanyň raýatlary Daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak boýunça onlaýn-okuwlara çagyrylýar

Türkmenistanyň raýatlary Drezdeniň Tehniki uniwersitetiniň daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak hünärini kämilleşdirmek boýunça kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp bilerler. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Bu sapaklar 2030-nji ýyla çenli Gün tertibini we Howanyň üýtgemegi boýunça ähliumumy Pariž ylalaşygyny goldamak ugrunda Germaniýanyň daşky gurşaw, tebigaty goramak we ýadro howpsuzlygy Federal Ministrliginiň hemaýatkärliginde geçirilýär. Olara döwlet edaralarynyň, guramalarynyň, alymlaryň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşyp bilerler.

Ministrliklerde, pudak edaralarynda, şeýle hem jemgyýetçilik guramalarynda meýilnamalaşdyrmak, utgaşdyrmak we dolandyrmak endiklerini öwretmek we olary kämilleşdirmek maksady bilen daşky gurşawy dolandyrmak babatda ýokary okuw jaýlaryndan soňky ylmy-barlaglaryň Halkara merkezi (CIPSEM) birnäçe toplumlaýyn okuw sapaklaryny işläp düzdi.

Şu aşakdaky dersler hödürlenilýär:

Suw gorlaryny bitewilikde dolandyrmagyň gysga onlaýyn-okuwlary (2021-nji ýylyň 6-njy sentýabryndan - 15-nji oktýabryna çenli) we ekologiki ulgamlary gaýtadan dikeltmek (1-nji noýabrdan - 10-njy dekabra çenli). Arzalar – 2021-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli kabul edilýär. 2022-nji ýylyň 12-nji ýanwaryndan 14-nji iýulyna çenli aralykda ösýän ýurtlarda ekologiki menejment ugrundan alty aýlyk okuw dersleri guralar. Oňa gatnaşmak üçin arzalar 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna çenli kabul edilýär. Arzalar: apply-unep-unesco-bmub-courses onlaýyn-portallaryň üsti bilen iberilýär.

Onlaýyn-dersleriň meýilnamasyna çykyşlar, seminarlar we önümçilik tejribeleri girýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň