Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Ysraýyl Döwletiniň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

23:4327.04.2021
0
17670

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesow bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministri Ýuliý Edelşteýniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýty habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Ysraýyl Döwletiniň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2021-2025-nji ýyllar üçin saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky Hyzmatdaşlyk Meýilnamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Taraplar gol çekilen resminamanyň iki ýurduň arasynda saglygy goraýyş we lukmançylyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň has-da ösmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

Şeýle hem, taraplar dünýäde COVID-19 pandemiýasy bilen bagly çylşyrymly ýagdaýlar tamamlanandan soňra, özara saparlary gurnamak barada garaýyşlary beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň