Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenbaşy - Baku aralygynda daşalýan ýükleriň mukdary artýar

17:3324.04.2021
0
842

Şu ýylyň birinji çärýeginde Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasyndaky ýük daşalşynyň möçberi artdy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.

Habarda Garadag raýonynyň Alýat posýologynda ýerleşýän Baku portunyň şu ýylyň I çärýeginde ýük dolanşygynyň 1,4 million tonnadan artandygy, munuň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 16,7 % köpdügi bellenilýär.

2021-nji ýylyň birinji ýarymynda agyr ýük daşaýan ulag serişdeleriniň 9165-si daşaldy. Olaryň 6605-si (72%) Baku-Türkmenbaşy-Baku, 2560-sy (28%) Baku-Kuryk-Baku aralygyna gatnaýardy.

Baku portunyň gämi terminalynda 6611 wagon daşaldy. Olaryň 4897-si (74%) Baku-Türkmenbaşy-Baku we 1714-si (26%) - Baku-Kuryk/Aktau-Baku ugry boýunça ugradyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň