Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň zalynda täze möwsüm dabaraly ýagdaýda açyldy we Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň dirižýory Rasul Gylyjyow bu çäre mynasybetli saz muşdaklaryny gutlap, olary jadyly sazlaryň dünýäsine çagyrdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Ilki Pýotr Iliç Çaýkowskiniň Bäşinji simfoniýasy ýaňlandy. Kompozitor bu eserinde saz arkaly ynsanyň kalbynda gopýan tolgunmalary, iň soňunda howsalanyň we gynanjyň ýerine umydyň şatlygynyň gelýändigini görkezýär...
Orkestriň sazandalarynyň ýöne bir saz çalman, eýsem, meşhur kompozitoryň adyndan tolgundyryjy wakalary takyk edişlerine tomaşaçylar şowhunly el çarpdylar.
Çykyşyň ikinji bölüminde orkestriň gapdalyndan Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumow ýekelikde pianinoda çykyş etdi. Ol ilkinji gezek notasyz we ýatdan Sergeý Rahmaninowyň fortepiano we orkestr üçin Üçünji konsertini ýerine ýetirdi. Hamala çyrpynyp daşýan derýa ýaly joşgunly tolkunyň ýaňy zalyň içini doldurdy.
Diňleýjiler ussady uzak wagtlap sahnadan goýbermediler. Şondan soňra tomaşaçylaryň islegini nazara alyp Wladimir Sergeýewiç ýene-de bir naýbaşy saz eserini – Frederiko Şopeniň ajaýyp Walsyny ― tans sazyny çaldy.