Soňky habarlar

Arhiw

«Belawia» Aşgabada uçuşlaryň çäklendirmesini ýene uzaltdy

18:2817.04.2021
0
26895

«Belawiýa» awiakompaniýasy Minsk ― Aşgabat gatnawy boýunça uçar gatnawlarynyň çäklendirmesini 30-njy aprele çenli uzaltdy. Bu barada awiakompaniýanyň resmi saýty habar berýär.

Mundan başga-da, 30-njy aprele çenli Budapeşte, 16-njy maýa çenli Almaata, 30-njy oktýabra çenli Ženewa uçuşlar amala aşyrylmaz. Rus ugurlary barada aýdylanda bolsa, «Belawiýanyň» uçarlary Moskwa, Sankt-Peterburg, Kazan, Nihniý Nowgorod, Kaliningrad we Don boýundaky Rostow şäherlerine uçýar. Russiýanyň beýleki şäherlerine uçuşlar bolsa soňa süýşürildi.

Belarus awiakompaniýasynyň ýolagçylary ozal satyn alan petekleriniň möhletini 30-njy iýuna çenli uzaldyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň