Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen atlarynyň» goýum kärhanasy ÝGPJ-e öwrüldi

23:5016.04.2021
0
6820

Milli ykdysadyýetimizde kärhanalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzda geçirilýän at çapyşyklarynda guralýan goýumly oýunlaryň hilini häzirki döwrüň ösen derejesine laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine birleşigiň garamagyndaky “Goýumly oýunlar, hyzmatlar we üpjünçilik” döwlet kärhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgedip, ony “Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine bellenen tertipde öwürmek tabşyryldy.

“Altyn bedew” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna — esaslyk maýadaky paýy 60 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň