Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasy açyldy

22:1112.04.2021
0
19991

Şu gün – 12-nji aprelde Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň täze binasy açyldy. Onuň açylyşyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bankyň gurluşgyna 2018-nji ýylyň mart aýynda başlandy. «BUIG Batiman Internasional» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan täze bank 15 gatdan ybarat bolup, onuň umumy meýdany 17 039 inedördül metrdir. Täze bank kämil kompýuter enjamlary bilen üpjün edilen 300-den gowrak iş orunlaryny özünde jemleýär. Bank işgärleri bir wagtda 250-den gowrak müşderini kabul edip bilýärler.

Häzirki wagtda esaslyk maýasy 920 million manat bolan Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik banky ýurduň iň iri banklarynyň biri bolup, onuň 24 sany şahamçasy bar. 600 müňden gowrak müşderi bankyň köpugurly hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Bankyň onlaýn hyzmatlaryna halk köpçüligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilip, “Internet-banking” we “Mobil-banking” hyzmatlaryny ulanýanlaryň sany eýýäm 152 müňden geçdi.

Türkmenistanyň “Türkmenbaşy” döwlet täjirçilik banky 2009-njy ýyldan başlap, dünýäniň öňde baryjy banklarynyň biri bolan “Doýçe Bank Trast Kompani Amerika“ bankynda ABŞ-nyň dollarynda we “Doýçe Bank Frankfurt am-Main” bankynda bolsa ýewroda habarlaşyk hasaplaryny açyp, bankyň müşderilerine daşary ýurt pulunda eksport-import söwda geleşikleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri döretdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň