Türkmenistanyň ykdysady ösüşi boýunça bilermen Walentin Trapeznikowyň pikiriçe, ýurt 2020-nji ýylda halk hojalygynyň azyk senagatynda möhüm üstünlikleri gazandy.
Hünärmeniň “ CentralAsia.news” habar gullugyna aýdyşy ýaly, un öndürmekde 40%, makaron önümçiliginde 13,4%, doňdurmada 15,5%, konserwirlenen miweler we gök önümleriň önümçiliginde 8,7%, alkogolsyz içgiler 8,6% ýokarlandy.
Bilermen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önümçilikler bilen hem ýakyndan meşgullanýandygyny aýratyn nygtaýar.