8-nji aprelde hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.
Diplomat wagt tapyp kabul edendigi hem-de söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi, şeýle-de döwlet Baştutanyna Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň salamynydyr Nowruz baýramy mynasybetli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, bagt we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.
Eýranyň «Mehr» habarlar agentliginiň habar bermegine görä, işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezident Berdimuhamedow we myhman syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-eýran gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Ägirt uly serişdelere we ykdysady kuwwata eýe bolan iki goňşy döwletiň deňhukuklylyk hem-de özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, soňky onýyllyklaryň dowamynda Türkmenistan we Eýran netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini topladylar. Şol hyzmatdaşlyk bolsa tutuş sebitiň ykdysady taýdan ösmegine gönükdirilen iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegi bilen berkidildi.
Mohammad Jawad Zarif Eýran tarapynyň tutuş Merkezi Aziýada geosyýasy deňagramlylygy, parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň möhüm şerti bolan ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandygyny belledi.
Milli Lideriň öňe süren, energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge hem-de üstaşyr-ulag geçelgeleriniň täze halkara ulgamyny döretmek boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlar munuň aýdyň subutnamasydyr. Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasyna agza döwletler tarapyndan giň goldawa eýe bolan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamalary bilen berkidilen bu başlangyçlar işjeň halkara gatnaşyklaryň başyny başlady.
Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlaryny, şol sanda 2021-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjyny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň Türkmenistana özüniň Bitaraplyk derejesini sebit durnuklylygynyň we howpsuzlygynyň möhüm şerti hökmünde durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýändigini nygtady.
Öz nobatynda, diplomat Eýran tarapynyň möhüm halkara taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şol taslamalaryň durmuşa geçirilmegi sebit we dünýä möçberinde söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam eder.
Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyrýan “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň netijesinde, geljegi uly türkmen bazarynyň ýylsaýyn tutuş dünýäden maýadarlaryň we meşhur kompaniýalaryň köp sanlysynyň ünsüni özüne çekýändigini belläp, öz ýurdunyň işewür toparlarynyň hem öňden gelýän gatnaşyklary giňeltmäge hem-de Türkmenistanyň döwlet we hususy düzümleri bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşmalaryň çäklerinde ýola goýlan gatnaşyklaryň özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak häsiýetiniň goňşy ýurtlara diňe bir gazanylan ylalaşyklary üstünlikli durmuşa geçirmäge däl, eýsem, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we usullaryny gözlemäge mümkinçilik berýändigi barada umumy pikir beýän edildi. Şunuň bilen baglylykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyň işini işjeňleşdirmegiň hem-de dürli derejede ikitaraplaýyn duşuşyklary yzygiderli geçirmegiň zerurdygy aýratyn nygtaldy.
Türkmenistanyň we Eýranyň möhüm halkara hem-de sebit meseleleri boýunça özara gatnaşyklary barada hem durlup geçildi.
Şeýle-de okaň!