Soňky habarlar

Arhiw

«Gerçek» kompaniýasy «Ýylyň senagatçysy» diýlip yglan edildi

14:3303.04.2021
0
3792
«Gerçek» kompaniýasy «Ýylyň senagatçysy» diýlip yglan edildi

Telekeçi A.Rejepowa we onuň ýolbaşçylygyndaky «Gerçek» aýakgap fabrigi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşigi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan yglan edilen «Telekeçi ― 2020» bäsleşiginiň «Ýylyň senagatçysy» ugry boýunça ýeňiji diýlip yglan edildi. Ozal hem habar berlişi ýaly, bäsleşigiň ýeňijileri TSTB-niň döredilmeginiň 13 ýyllygyna bagyşlanan serginiň jemleýji dabarasynda yglan edildi.

«Gerçek» kärhanasy 2015-nji ýylda esaslandyryldy. Ol erkekler, zenanlar we çagalar üçin sintetiki we sport aýakgaplaryny öndürýär. Olaryň aglabasy baharda we tomusda geýmäge niýetlenen ýeňil aýakgaplardyr. «Gerçegiň» aýakgaplary ýokary hil we elýeter baha bilen tapawutlanýar.

Şeýle sergilere wekilçilik etmek türkmen senagatynyň wekilleri üçin diýseň möhümdir. Çünki sergiler olara önümlerini görkezmekden daşary hem içerki we daşarky hyzmatdaşlarynyň sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň