Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi

22:0529.03.2021
0
19792

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gün – 29-njy martda gol çeken resminamasyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça ýuridik şahs hökmünde haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Bu Gaznanyň döredilmeginiň maksady ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek bilen baglydyr. Aşgabat şäheriniň Çandibil şaýolynyň ugrundaky Türkmenistanyň halkara maslahatlar merkeziniň binalar toplumynda ýerleşdirilmegi kesgitlenilen bu gaznanyň Tertipnamasy, gurluşy hem-de işgär sany tassyklanyldy. Tertipnamanyň 13-nji bölegine laýyklykda, Rejep Bazarow Gaznanyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň