Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsullygynyň ýardamy bilen Russiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ikisi türkmenistanly talyplar üçin onlaýn leksiýa berdiler. Bu barada konsullyk edarasynyň resmi saýty habar berýär.
Has takygy, 24-nji we 25-nji martda Udmurt döwlet uniwersitetiniň we N.P.Ogorýew adyndaky Mordowiýa döwlet uniwersitetiniň professor-mugallymlary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň talyplary üçin wideo leksiýalary berdiler.
Leksiýalar «Parahatçylyk medeniýeti», "Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk» hem-de «Sebitdäki halkara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy» atly ugurlar boýunça berildi.
Leksiýalaryň dowamynda türkmen talyplary lektorlara sorag bermäge, belli bir mowzuk boýunça bilermenleriň pikirini almaga mümkinçilik aldylar.
Leksiýa başlamazdan ozal, ýokarda agzalan türkmen we rus ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary onlaýn duşuşyk geçirip, özara hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.