Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekilleri UNESCAP guramasynyň howandarlygynda geçirilen foruma gatnaşdylar

23:3023.03.2021
0
4957

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri wideoaragatnaşygy arkaly Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) howandarlygynda Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti üçin Durnukly ösüş maksatlary boýunça VIII foruma gatnaşdylar. Bu barada Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Duşuşykda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew, şeýle hem ministrligiň käbir müdirlikleriniň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Her ýyl geçirilýän hökümetara forum Aziýa we Ýuwaş Umman sebiti ýurtlaryna Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde goldaw bermek, sebit ýörelgelerini, jebisleşmegi ýüze çykarmak we tejribe alyşmak üçin meýdança bolup durýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary R.Nurýagdyýew forumda çykyş edip, Türkmenistanda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy. Durnukly ösüş maksatlaryny millileşdirmek babatda alnyp barylýan işlere aýratyn üns berildi. Hususan-da, geçirilen işleriň jemleri boýunça 17 maksatdan, 136 wezipeden we 180 indikatordan ybarat degişli sanawyň tassyklanandygy nygtaldy.

2019-njy ýylda Nýu-Ýorkda (ABŞ) Ykdysady we durmuş geňeşiniň (ECOSOC) howandarlygynda geçirilen Ýokary derejeli syýasy forumda Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagy boýunça Türkmenistanyň Meýletin milli Syny bilen tanyşdyryldy. R.Nurýagdyýew Meýletin milli Syny taýýarlamak boýunça geçirilen işiň Türkmenistanda gazanylan ösüşe baha bermäge, Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça geljekki çäreleri bellemäge mümkinçilik berendigini nygtady.

COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy zerarly emele gelen çökgünlik ýagdaýlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň jähtinden Türkmenistanyň Hökümetiniň pandemiýanyň ykdysady we durmuş täsirini ýeňilleşdirmek boýunça netijeli çäreler toplumyny durmuşa geçirendigi bellenildi.

Oňyn we özara gyzyklanma ruhunda geçen foruma gatnaşanlar pikir alyşdylar hem-de forumyň gün tertibine girizilen meseleleri çözmeklige integrirlenen çemeleşmä islegi beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň