Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysyna täze baş tälimçi bellenildi

17:3215.03.2021
0
29919

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 12-nji martda geçiren ýygnagynyň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine Röwşen Muhadow bellenildi. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Röwşen Muhadow 1961-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda dünýä indi. Futbolçy döwründe “Köpetdag”, “Nisa”, “Pahtakor” (Özbegistan), “Pamir” (Täjigistan), “Gençlerbirligi”, “Ýimpaş Ýozgatspor”, “Newşehirspor” (hemmesi Türkiýe) hem-de “Ýelimaý” (Gazagystan) toparlarynda çykyş eden R.Muhadow Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde hem 12 duşuşyk geçirdi. Ol “Köpetdag” (1992, 1998), “Nisa” (1999) toparlarynyň düzüminde Türkmenistanyň, “Ýelimaý” (1994) topary bilen bolsa Gazagystanyň futbol çempionatlarynyň çempiony bolmagy başardy.

59 ýaşly türkmenistanly hünärmen tälimçilik ýolunda “Nisa” hem-de “Ahal” toparlaryny türgenleşdirdi. 2000-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk etdi.

2003-2007-nji ýyllaryň aralygynda Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysynyň, şol bir wagtda ýaşlar ýygyndysynyň baş tälimçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi. 2011-nji ýylyň sentýabrynda AFK-nyň Pro ygtyýarnamasyny aldy.

2012-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşynda ýeňiş gazandy. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyny Arkalaşygyň Kubogyna taýýarlady. 2019-njy ýylda geçirilen Aziýa Kubogynyň final böleginde Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisiniň kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň häzirki wagtda 2022-nji ýylda Katar döwletinde geçiriljek Dünýä çempionatynyň hem-de 2023-nji ýylda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa Kubogynyň deslapky tapgyrynyň “H” toparçasyndaky saýlama duşuşyklaryna taýýarlyk işlerini alyp barýandygyny ýatladýarys.

Bir toparçada Koreýa Respublikasy, KHDR (Koreýa Halk Demokratik Respublikasy), Liwan hem-de Şri-Lanka bilen bilelikde çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň galan duşuşyklary şu ýylyň 3-15-nji iýun aralygynda Koreýa Respublikasynda merkezleşdirilen görnüşinde geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň ýygyndy topary toparçada geçiren 5 duşuşygynda toplan 9 utugy bilen ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň