Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýatynda Abdylla han galasyndan tapylan gymmatlyklaryň sergisi guraldy

16:2014.03.2021
0
7676

Mary welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärleri golaýda «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly sergi guradylar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Muzeýiň sergi zallarynyň birinde ýerleşdirilen serginiň bir böleginde «Gadymy Merw» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň arheologik raritetleri görkezilýär. Olar 2020-nji ýylyň güzki gazuw-agtaryş işlerinde orta asyr Abdylla han galasyndan (XV asyr) tapylan zatlardyr.

Olaryň arasynda şäheriň merkezinde ýerleşen dini binalaryň binagärlik bezeginiň toýun elementleri, şeýle hem medreseleriň, kitaphanalaryň, hökümdaryň iki gat köşgüniň, edara we beýleki jaýlaryň saklanyp galan bölekleri Abdylla han galanyň oýlanşykly şäher gurluşyk konsepsiýasynyň, owadan we kaşaň bolandygyna şaýatlyk edýär.

Gapdaldaky diwarçada goýlan kümüş we mis küýzeler owadanlygy bilen haýran edýär. Olaryň ýanynda kiçijik çyradanlar bar, olar şäheriň ýönekeý adamlarynyň öýlerine yşyk beren bolmaly. Bularyň gapdalynda, hamala, heýkeljikler ýaly nepis we syrça çaýylan şemdanlar goýlupdyr...

Köşklerde, ýaşaýyş jaýlarynda we senetçiler mähellesinde geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan zatlar orta asyr ykdysady durmuşynda külalçylyk önümçiliginiň has ösen pudak bolandygyna şaýatlyk edýär.

Ýerli ussalaryň çeper keramika önümleri sebitiň çäginden alyslarda-da islegli bolupdyr.

Etnografiýa bölüminde zenan şaý-sepleri, milli lybaslar, keşdeler, halylar, keçeler... görkezilýär. Bu özboluşly eserler, olaryň bezegindäki syrlar türkmen halkynyň dowamat dowamly ruhy we estetiki ösüşinden habar berýär.

Sergide Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy-medeni mirasa we mlli gymmatlyklara bagyşlanan eserleri esasy orun tutýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň