Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Samsung 5G tizlik rekordyny goýdy

14:1713.03.2021
0
1091

Samsung inženerleri bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk ulgamynda rekord tizlige ýetdiler. Bu barada kompaniýanyň press-relizinde habar berilýär.

Günorta Koreýa kompaniýasynyň hünärmenleriniň sözlerine görä, barlaghanada sekuntda 5,23 gigabaýtlyk maglumat geçiriş tizligi gazanyldy. Korporasiýanyň hünärmenleri bu netijäni 5G standartly täjirçilik enjamy — «Galaxy S20» smartfony arkaly gazandyklaryny bellediler. Şeýle hem synaglarda dördünji we bäşinji nesil ykjam aragatnaşyk goldawly radio modullary ulanyldy.

Hünärmenler maglumatlary geçirmegiň «E-UTRAN New Radio Dual Connectivity» («EN-DC») tehnologiýasyna esaslanýandygyny bellediler. Bu tehnologiýa ykjam aragatnaşyk operatorlaryna 4G arkaly 5G tizligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Laboratoriýada inženerler tarapyndan 40 megagers tizligi bolan 4G aragatnaşygy 800 megagers tizlikli «5G mmWave» aragatnaşygy bilen birleşdirilýär.

«GlobalData» şereketiniň baş derňewçisi (analitigi) Ed Gubbinsiň sözlerine görä, operatorlar 5G aragatnaşyk ulgamynyň gymmtyny ýokarlandyrmaklyk üçin çäkli çeşmelerden has köp peýdalanmalydyrlar.

Kompaniýanyň habaryna görä, 2019-njy ýylda Samsung smartfonlarynda 5G aragatnaşyk ulgamynyň öňki rekord tizligi sekuntda 4,3 gigabaýtdy. Şereketiň inženerleriniň standarty ilkinji gezek synag edip başlan ýyly bolan 2018-nji ýylda sekuntda 1,7 gigabaýt rekord goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň