«Apple» Türkmenistanda resmi web sahypasyny açdy

20:3411.03.2021
0
42269

Şu gün Türkmenistanda «Apple» kompaniýasynyň resmi web sahypasy açyldy.

Häzirki wagtda saýtyň içki sahypalary gutarnykly türkmen diline terjime edilmedi. Ýöne ýakyn wagtda bu meseläniň çözülmegine garaşylýar. Şeýle-de häzir onlaýn dükan hem hereket etmeýär.

Kompaniýanyň resmi web sahypasy Ermenistanda, Azerbaýjanda, Belarusda, Gruziýa Gazagystan, Gyrgyzystan, Moldowa, Täjigistan, Ukraina, Özbegistanda hem açyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň