Arhiw

Dünýä çempiony Ýulduz Jumabaýewa Türkmenistanyň Prezidentiniň «Lexus LX 570 Sport Plus» kysymly ýeňil awtoulag sowgadyna mynasyp boldy

22:1110.03.2021
0
85536

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Ýulduz Alymbaý gyzy Jumabaýewa 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda 45 kilogram agramda çykyş edip, 1-nji orna we altyn medala mynasyp bolandygyny göz öňünde tutup, 2020-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Lexus LX 570 Sport Plus» kysymly ýeňil awtoulag serişdesi sowgat berildi.

Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Dünýä çempionatyna bu sowgat türkmen sportuny ýokary derejelere çykarmaga, halkara sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip, ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan ýokary netijelerini dünýä ýaýmaga, sport abraýyny belende götermäge, ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmaga goşan şahsy goşandy hem-de halkara ýaryşlarda gazanan ýokary üstünlikleri nazara alnyp berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň