Aşgabatda Halkara zenanlar güni mynasybetli konsert geçirildi

23:5007.03.2021
0
12742

Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda – 7-nji martda Aşgabatdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň hormatyna konsert geçirildi.

“Ýürek mydam mähribanlyk küýseýär” atly edebi, aýdym-sazly kompozisiýa baýramçylyk konsertiniň ajaýyp başlangyjy boldy, ony aýdymçylar, teatrlaryň artistleri, tansçylar, çagalar toparlary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Watançylyk ruhuna ýugrulan bu çykyş dörediji, parahatçylyk taglymyny öňe sürýän zenanlaryň şanyna sena hökmünde ýaňlandy, munuň özi ruhy, medeni bitewülige, Ýer togalagynyň tebigy we adam mümkinçilikleriniň aýawly goralyp saklanmagyna daýanýar.

Konsert “Kakyň dowullary, ýaň salsyn dünýä, Arkadagym bilen öňe biz, öňe!” diýen ajaýyp çykyş bilen dowam etdi, onda eziz Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, ony dörediji we ruhlandyryjy türkmen halkynyň Arkadagy wasp edilýär, döwlet Baştutanynyň parahatçylyk söýüji döredijilikli syýasaty belent taglymlara, şöhratly ata-babalarymyzyň parasatly we ynsanperwer ýörelgelerine esaslanmak bilen, Türkmenistanyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmegine ýardam berýär.

Joşgunly çykyşlar bilen başlanan baýramçylyk konserti belli halk we estrada aýdymçylarynyň, paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, tans we saz toparlarynyň, çagalar döredijilik hem-de folklor toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

Baýramçylyk konsertinde zenan ýüreginiň mährini we olaryň sadalygyny, asyllylygyny, gözelligini, wepadarlygyny, ene söýgüsini wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy. Meşhur opera we estrada aýdymçylary gaýtalanmajak we ýakymly owazlary bilen zenanlara ajaýyp pursatlary, dünýä nusgawy saz eserlerinden düzülen çemeni sowgat etdiler.

Zenan gözelliginiň waspçylary bolan türkmen şahyrlarynyň goşgularyna döredilen aýdymlar ýaňlandy. Artistler tans arkaly zenanlara bolan söýgi we hoşallyk duýgularyny ussatlyk bilen görkezdiler. Ähli çykyşlar täsirli wideoşekiller bilen utgaşdyryldy.

Däbe görä, baýramçylyk çykyşlarynyň maksatnamasynda gadymy küştdepdi tansy hem möhüm orun aldy. Ol halk döredijiliginiň aýdyň öwüşginli nusgasy bolmak bilen, milletiň taryhy-medeni ýörelgeleriniň we ruhy baýlygynyň özboluşly sazlaşygyny emele getirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň