TÝL ― 2021: «Merw» düzümini tejribeli futbolçylaryň 5-si bilen güýçlendirdi

11:3406.03.2021
0
13517

Mary şäheriniň «Merw» topary Türkmenistanyň futbol çempionatynyň nobatdaky möwsüminiň öňýany düzümine tejribeli oýunçylaryň birnäçesini geçirdi ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasy habar berýär. Toparyň düzümine täze goşulan futbolçylar barada gysgaça maglumatlar:

Rahmet Şermetow, «Energetikden» «Merwe»

Soňky 8 ýylyň içinde 7 toparyň köýnekçesini geýen ýarym goragçy2019-njy ýylda ýarym ýyllyk daşary ýurt tejribesini hem başdan geçirdi. Has takygy, ol şol ýylyň awgustyndan noýabryna çenli Gyrgyzystanyň «Alga» futbol toparynda çykyş edipdi. «Alga» geçmezden öňürti bolsa, Rahmet Şermetow «Merwiň» futbolçysydy. Geçen möwsümi «Energetigiň» düzüminde geçiren futbolçy Ýokary ligada 23, Türkmenistanyň kubogynda 2 duşuşga gatnaşdy. Şol sanda ol Türkmenistanyň çempionatynda 1999, Kubok ýaryşynda bolsa 175 minut meýdanda boldy.  Rahmet Şermetow karýerasynda «Ahal» bilen AFK-nyň kubogyna, «Nebitçi» bilen AFK-nyň Prezidentiniň kubogyna gatnaşdy.

Melis Rizaýew, «Energetikden» «Merwe»

«Merwe» ýene bir gezek dolanyp gelen Melis Rizaýew karýerasynda «Bagtyýarlyk-Lebap», «Energetik», «Şagadam» ýaly toparlarda hem çykyş etdi. 33 ýaşly futbolçy geçen möwsümi «Energetikde» geçirdi.

Geçen ýyl çempionatda 20 duşuşyga gatnaşan futbolçy 1734 minut meýdanda boldy. Ýokary ligada 1 gezek tapawutlandy. Türkmenistanyň kubogynda hem 1 duşuşyga gatnaşyp, şol duşuşykdan başdan-aýaga oýnady.

Melis Rizaýew 2016-njy ýylda bir gezek Türkmenistanyň futbol ýygyndysyna hem çagyrylyp, ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birinde ätiýaçlykdaky düzümde oturdy. Milli ýygyndy bilen bir duşuşykda-da meýdana çykyp, oýna gatnaşyp görmedi.

Serdaraly Ataýew, «Nebitçiden» «Merwe»

36 ýaşly hüjümçi ozal iki gezek «Energetige» transfer bolan bolsa-da, şu ýyl «Merwiň» üstünlikleri üçin ilkinji gezek göreşer. Ol soňky bäş ýylyň içinde «Energetik», «Şagadam», «Nebitçi» we Gyrgyzystanyň «Alga» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi.

Geçen möwsümiň birinji ýarymyny «Energetikde» geçirenden soň, ikinji ýarymda «Nebitçä» geçen Serdaraly Ataýew Ýokary liganyň tutuş möwsüminde 14 duşuşyga gatnaşdy. Şolaryň 3-si «Energetigiň», galan 11-si «Nebitçiniň» düzümindedir. Ol bu duşuşyklarda diňe «Nebitçiniň» düzüminde 1 gezek tapawutlanyp bildi. Çempionatda «Energetigiň» düzüminde 270, Balkanabadyň toparynda 847 minut çykyş etdi.

Türkmenistanyň kubogynda bolsa «Nebitçiniň» abraýy üçin göreşen hüjümçi 2 duşuşyga gatnaşyp, olarda 1 gezek tapawutlandy. Ol duşuşyklaryň ikisinde hem doly oýnady.

Serdaraly Ataýew milli ýygyndymyzyň düzümine 8 gezek çagyryldy. Ol ýygyndy toparymyzyň düzüminde 1 gezek tapawutlandy.

Kemal Annamuhammedow, «Aşgabatdan» «Merwe»

26 ýaşly futbolçy geçen möwsümde «Aşgabadyň» düzüminde 9 duşuşyga gatnaşdy. Şolaryň bäşisinde ätiýaçdaky düzümden oýna giren bolsa, dört duşuşykda esasy düzümde meýdana çykdy. Ätiýaçdaky düzümde 18 duşuşykda ady görkezilen bolsa-da, tälimçiler ony meýdana goýbermediler.

Geçen möwsümdäki duşuşyklarynyň ählisini Türkmenistanyň çempionatynda geçiren Kemal Annamuhammedow şolarda 381 minut meýdanda galdy. Futbolçynyň heniz halkara tejribesi ýok.

Döwletgeldi Mirsultanow, «Şagadamdan» «Merwe»

25 ýaşly goragçy «Merwiň» ozalky uçurymlarynyň biri. Ol karýerasynda «Altyn asyr», «Nebitçi», «Energetik», «Şagadam» ýaly toparlarda hem çykyş etdi.

Ol geçen ýyl «Şagadamyň» goragynyň esasy sütünleriniň biri. Baş tälimçi oňa Ýokary ligada 23, Türkmenistanyň kubogynda 4 duşuşykda özüni görkezmäge mümkinçilik berdi. Çempionatda 1836 minut meýdanda galan goragçy Kubok ýaryşynyň duşuşyklarynda 279 minutlap çykyş etdi.geçen möwsümde bir pökgi hem geçirmedi.

Döwletgeldi Mirsultanow Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysyna 3, milli ýygynda bir gezek çagyryldy. Şol duşuşyklaryň ählisinde-de esasy düzümde oýna girip, başdan-aýaga-da meýdanda boldy.

Mundan başga-da, «Merw» topary geljegine umyt bildirilýän ýaş oýunçylaryň hem birnäçesini düzümine goşdy.

Ýeri gelende bellesek, Mary şäheriniň «Merw» topary geçen ýyl ýurdumyzyň futbol çempionatynda geçiren 28 duşuşygynda toplan 28 utugy bilen 6-njy orny eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň