Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Prezidenti sapar bilen Türkmenistana gelmegi meýilleşdirýär

18:5905.03.2021
0
7681

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadir Japarow özüniň ilkinji resmi saparlarynyň birini Türkmenistana amala aşyrmagy meýilleşdirýär. Saparyň wagty iki döwletiň daşary syýasat edaralary tarapyndan kesgitlener.

Ýurtda 10-njy ýanwarda geçirilen prezidentlik saýlawynda beýleki dalaşgärlerden köp ses alyp, bu wezipä mynasyp görlen Sadir Japarow daşary ýurtlara ilkinji saparyny Russiýa Federasiýasyndan başlady. Martyň başynda Gazagystanda hem saparda bolan Prezident 11 ― 12-nji martda Özbegistana gelip, ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.

Ýurduň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda hem görkezilişi ýaly, Prezidentiň indiki maksatlary Türkmenistanda, Täjigistanda we Hytaýda hem saparda bolup, hyzmatdaşlyklary ösdürmekden ybarat.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň