Soňky habarlar

Arhiw

“Ak Tam Bazary” täze hyzmatdaşynyň harytlaryny hödürleýär

12:3203.03.2021
0
4465

“Ak Tam Bazary” topary, senagat we hususy pudakda suw üpjünçiligi boýunça 25 ýyldan gowrak wagt bäri milli we halkara derejesinde işleýän italýan “B METERS” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

“B METERS” suw ulgamlarynyň dizaýn hyzmatlaryny ýerine ýetirýär, şeýle-de gurýar. Mundan başga-da suw sarp edişini, ýylatmak we sowatmak üçin ulanylýan energiýany ölçemek üçin çözgütleri we gurallary hödürleýär.

“B METERS” kompaniýasynyň ähli önümleri 2014/32/E modul B (MID) görkezmesine laýyklykda kepillendirilýär.

Kompaniýa ISO 9001:2008, 2014/32/EU modul D (MID), UNI EN ISO 14001:2015 kepillendirilen we ulgam ölçeg synagy we kalibrleme meselelerini çözmek üçin UNI-EN17025 kepillendirmelerine laýyklykda işleýär.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň