Türkmenistanda ýene bir ýokary okuw mekdebi täze binalar toplumyna göçüp barar. Aşgabadyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatda Türkmenistanyň Prezidentine Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binasynyň taslamalary hödürlenildi.
Bu institut ozalky Politehniki institutyň binýadynda döredildi.
Taslamalar bilen tanyşlygyň dowamynda milletiň Liderine “Daşkent” seýilgähiniň, şeýle hem bu ýerde saglygy goraýyş ylmy-kliniki ulgamyna degişli Halkara sagaldyş-dikeldiş, Halkara fiziologiýa merkezleriniň taslamalary görkezildi. Şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 18-nji tapgyrynyň çäklerinde Köşi ýaşaýyş toplumynyň çäginde bina ediljek durmuş maksatly binalaryň taslamalary we gurluşyklary ýerine ýetirmegiň tapgyrlary barada hasabat berildi.