Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Konsullugynyň wekilleri ADTU-daky halkara foruma gatnaşdylar

09:3620.02.2021
0
4789

Medeniýetara gatnaşyklar boýunça Astrahanyň Döwleti tehniki uniwersitetinde geçirilen halkara çekişmä Türkmenistanyň bu şäherdäki konsullygynyň wekilleri hem gatnaşdy.

Astrakhan.24-iň habar berşi ýaly, bu forum Halkara ene dili gününe bagyşlandy. 

Çärä gatnaşanlaryň arasynda Astrakhan ülkesiniň dolandyryşynyň, sebit medeni we syýahatçylyk ministrliginiň, Gazagystanyň konsullygynyň, Astrahanyň taryhy we binagärlik muzeý goraghanasynyň we beýleki edaralaryň wekilleri hem bar.

Şeýle hem, Gazagystanyň iki uniwersiteti, Astrahanyň milli jemgyýetleri we ADTU-nyň Özbegistandaky bölümi forumyň işine onlaýn görnüşde goşuldy.

Gatnaşanlar milli we dil aýratynlyklary, dil bilen medeniýetiň arasyndaky baglanyşyk, etniki medeni däpleri gorap saklamagyň we ösdürmegiň usullary ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çeşmäniň belleýşi ýaly, ýaşlaryň milli gymmatlyklaryna sarpa goýmagyna aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň