Ýagşymyradow Anderson bilen boljak tutluşygyna görýän taýýarlygy barada gürrüň berdi

23:3016.02.2021
0
12913

(Gysgaldylyp alyndy)

Garyşyk söweş sungaty boýunça türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Bellator Gran Prisine gatnaşmak hukugyny gazandy. Bellatoryň ilkinji türkmenistanly wekili ligadaky başlangyç tutluşygyny 9-njy aprelde geçirer. Agyr agramdaky türgenleriň arasyndaky Gran Priniň çärýek finalynda ildeşimiz Kori Anderson bilen tutluşar. Türkmenistanly pälwan TASS-yň habarçysy Igor Lazorine beren wideointerwýusynda görýän taýýarlyk işleri barada  gürrüň berdi.

Döwletjan, Bellator bilen şertnama baglaşmakdan kanagatlanýarsyňyzmy?

― Elbetde. Bu guramanyň Gran Prisi has gyzykly bolar. Bu ýerde juda güýçli garşydaşlar bar. Bu meniň üçin hem synag bolar.

Näme üçin Bellatory saýladyňyz? Siziň UFC-a geçjekdigiňiz aýdylýardy.

― Şertnamanyň şertleri maňa laýyk däldi. UFC-den göwnümdäki ýaly tekliperi almadym.

ACA bilen hem gepleşikleri geçirýärdiňiz. Olar nähili gutardy?

― Netijede, ozalky çykyş eden ligam bilen baglaşan şertnamamyň wagty doldy we maňa rugsat berdiler. Bu bolsa maňa has güýçli ligalarda ukybymy synap görmäge mümkinçilik berdi.

Bellator Gran Prisinde söweşijiler her tutluşyk üçin 100 müň dollar alýandygy ýazylýar. Bu dogrumy?

― Ýok, şertnama görä alýarys. Kim näçe pula şertnama baglaşan bolsa, şony hem alýar. Ýöne mukdar ACA-dan has ýokary.

― Näçeräk? Her tutluşyk üçin 100 müň dollardan hem ýokarrakmy?

― Ýok. Bu mukdaryň ýarysyndan gowragy.

― Goşmaçalar?

― Ýok, olar bolmaz.

― ABŞ-a wiza barada nähili işleri alyp barýarsyňyz?

― Amerikan wizasy üçin 16-njy martda ýüz tutaryn. Häzirlikçe gyssagly wiza üçin rugsat berilmeýär. Russiýa gidip bilemok, pandemiýa sebäpli maňa çakylyk bermeýärler. Şeýle hem Gazagystana we beýleki ýurtlara gidip bilemok. 5-nji maýda Dubaý üçin nobatym bar, ýöne bu uzak wagt. Gyssagly wiza üçin hat iberdik. ABŞ-nyň Ukrainadaky ilçihanasynyň rugsadyna garaşýarys. Wiza alnar diýip umyt edýärin.

Wiza ýagdaýy sebäpli tutluşygyň wagty üýtgäp bilermi?

― Bilmedim, munuň bilen menejerim meşgullanýar. Men bolsa ähli ünsümi türgenleşiklere jemledim. Galan zatlar barada asla pikir edemok.

― Gran Priniň birinji tapgyryndaky garşydaşyňyz Kori Anderson gowşak garşydaş däl.

― Hiç zatdan endişelenemok. Biziň hemmämiz söweşiji. Hemmämiz türgenleşýäris, bu sport. Meniň pikirimçe, biz ― mynasyp garşydaşlar. Hemme zat gowy bolar diýip pikir edýärin. Gudraty güýçli goldasa, Gran Prini hem alarys. Galan garşydaşlarym bilen häzirlikçe gyzyklanmadym, diňe Kori Andersonyň tutluşyklaryna tomaşa etdim.

― Howply ýa-da siziň üçin kynçylyk döredip biljek ýagdaý barmy?

― Tutluşygyň nähili geçjekdigi barada heniz bir zat aýdyp biljek däl. Islendik zat bolup biler. Mundan başga-da, biziň agram derejämizde ýekeje jaýdar urgynyň ähli zady çözüp bilýändigini siz hem bilýärsiňiz. Esasy zat, şol urgyny dogry wagtynda geçirmek. Hemme zat öz wagtynda çözüler.

― Bellatordaky ilkinji çykyşyňyz boljaklygy üçin Kori Andersonda siz barada maglumat az. Gran Pri özüňizi ykrar etdirmäge gowy mümkinçilik bolup biler.

― Hawa, bu ajaýyp mümkinçilik. Munuň üçin menejerime sag bolsun aýdýaryn. Men näme üçin bu ýere geldim. Haýsy ligadan, nähili dereje bilen gelenimi hemmeler bilýär. ACB we ACA-nyň çempiony boldum. Olaryň hem gowşak ligalar däldigine, ligalaryň ýokary derejä çykandygyna gowy düşünýärler. Şeýdip men bu ýerlere geldim. Häzire çenli hemme zat üstünlikli barýar.

― Siz häzir Ukrainadamy?

― Hawa, Harkowda. Mümkin boldugyça taýýarlyk görýäris. Ýöne taýýarlyklarymyz Dagystandaky ýaly dereje däl. Men eýýäm bir ýyl bäri türgenleşýärin. Duramok, her gün iki wagtyna türgenleşige gelýärin. Tutluşyga bir ýarym aý galdy. Şonuň üçin türgenleşiklerimi giňeldilen tertibe geçirdim. 9-njy aprelde hemme zat gowy bolar diýip pikir edýärin. 

― Siz eýýäm bir ýarym ýyl bäri tutluşyklara çykaňzok. Bedeniňiz öňdäki tutluşyga uýgunlaşarmy?

― Häzir bir zat aýtmak kyn. Tutluşyk ähli zady aýan eder. Esasy zat, maksadym bar. Güýçli islegim bar. Elimden gelenini ederin.

― Iňlis dilini bilşiňiz nähili? Elbetde, Kori Anderson bilen iňlis dilinde gürleşmeli bolar.

― Men onuň bilen türkmen ýa-da rus dilinde gürleşerin. Näme üçin men oňa düşünmeli? Goý, ol maňa düşünsin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň