Russiýa we Türkmenistan älem giňişliginde ýarag ýerleşdirmezlik barada ylalaşdylar

17:3013.02.2021
0
16423

Türkmenistanyň we Russiýanyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredow we Sergeý Lawrow älem giňişliginde ýarag ýerleşdirmezlik barada bilelikdäki Beýannama gol çekdiler. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrligi anna güni habar berdi.

Ministrlik bu resminamanyň, NPOK boýunça halkara inisiatiwasynyň globallaşmagynda aýgytly ädimdigini, döwletleriň älem giňişliginde ýarag ýaryşynyň öňüni almak üçin tagallalary birleşdirmek kararyny tassyklaýandygyny aýtdy.

Bilelikdäki beýannamada Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň älem giňişliginde ýarag ýerleşdirilmegini we ulanylmagyny gadagan edýän halkara şertnamany baglaşmagyň zerurdygyny bellediler. Taraplar, şeýle hem, NPOK inisiatiwasyna gatnaşmaýan ýurtlary oňa doly göwrümli goşulmagyň mümkinçiligini gözden geçirmäge çagyrýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň