Birleşen Arap Emirliklerinden 19 ýaşly okuwçy Ammar Al Farsi ýurduň Ras Al Haýme sebitinden gülgüne reňkli köl tapdy. Farsi kölüň suratyny aldy we özüniň şahsy internet sahypasynda goýdy. Şondan soň, kölüň suratlary internet ulgamlarynda örän tiz ýaýrady, metbugatda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezildi. Ýurduň resmi adamlary Ammar Al Farsiniň teklibini nazara alyp, bu köli «Gülgüne köl» diýip atlandyrdylar.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras Al Haýme sebitiniň Daşky gurşawy goramak we ösüş edarasynyň baş müdiri Saif Al Gaýs: «Suwuň gülgüne reňke öwrülmegi, 4 müňden gowrak görnüşi bolan gyzyl suwotularyň köpelmeginden emele gelýär.» – diýip belledi.
Фото:Розовое озеро в ОАЭ
Kölüň gülgüne reňke öwrülmeginiň hakyky sebäbiniň meýdanlardan nusgalar alnyp seljerilýänça we ylmy taýdan öwrenilýänçä kesgitlenilip bilinmejekdigi mälim edildi.