Soňky habarlar

Arhiw

Welotrek boýunça Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatyna 40-a golaý döwletden türgenler gatnaşar

23:5520.01.2021
0
1426

20-nji ýanwarda Olimpiýa şäherjiginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň çäginde döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň üsti ýapyk welotrek toplumyna geldi.

Dünýä ölçeglerine kybap gelýän Olimpiýa şäherjiginde ajaýyp welotregiň gurulmagy Türkmenistanda welosiped sportuny ösdürmekde möhüm waka hem-de ösüşiň nobatdaky tapgyry boldy. Daşary ýurtly bilermenleriň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň hünärmenleriniň baha bermegine görä, bu ýerde degişli talaplaryň hemmesi berjaý edilip, zerur maddy-enjamlaýyn binýat döredildi. Bu bolsa has ýokary derejeli ýaryşlary geçirmek üçin şertler döredýär.

Ýurdumyzyň ýol düzüminiň hem gara ýolda welosiped boýunça sport ýaryşlaryny geçirmäge doly kybap gelýändigini bellemek gerek.

Köpetdagyň eteginden geçýän ýollar hem welosiped sporty boýunça köpsanly milli ýaryşlary geçirmek bilen, häzir ussat türgenler üçin okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynyň geçrilýän ýeri bolup hyzmat edýär.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 6 müň orunlyk üsti ýapyk welotrek toplumynda tomaşaçylar üçin niýetlenen münberleri, welotrek meýdançasyny gözden geçirip, türgenler, eminler we janköýerler üçin döredilen şertlere baha berdi.

Şu ýerde döwlet Baştutany sport we ýaşlar syýasaty ministriniň welotrek boýunça dünýä çemionatyna degişli hasabatyny diňledi. Habar berlişi ýaly, welotrek boýunça dünýä çemionatyna daşary döwletleriň 40-a golaýyndan türgenleriň gatnaşmagyna garaşylýar. Welotrek spotunyň ýaryşlary 10 görnüş boýunça geçiriler. Şunda olaryň erkekleriň we zenanlaryň hersiniň arasynda geçiriljekdigini göz öňünde tutanyňda jemi 20 ýaryş guralar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýaryşlaryň dünýä talaplaryna laýyk gelýän iň ýokary halkara ölçegleriniň derejesinde geçirilmelidigine ýene-de bir gezek ünsi çekdi. Türkmenistanyň Prezidenti hususan-da, türkmen türgenleriniň gatnaşmagyndaky ýaryşlarda ulanyljak welosipedlerde milli öwüşginlerimiziň aýratyn ýüze çykmalydygyny, esasan-da, türgenlerimiziň türkmen tuguny parlatmalydygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti geçiriljek dünýä ýaryşlarynda türgenleriň sagdynlygyna we dopinge degişli meselelerde işleriň bildirilýän halkara talaplaryna doly laýyk gelmelidigini belledi. Bu ýerde Doping gözegçiligi merkezi guruldy, onuň mümkinçiliklerinden netijeli we doly peýdalanmak gerek diýip döwlet Baştutany aýtdy hem-de degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň