Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmen enjam» HJ TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygyna gatnaşýar

15:4811.01.2021
0
1391

TOPH gaz ge­çi­ri­ji­si­niň ýur­du­myz­dan geç­ýän bö­le­gi­niň ug­run­da­ky inf­rast­ruktu­ra­ny dö­ret­mek bi­len bag­ly iş­ler­de Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň çä­ginde ýer­leş­ýän «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň my­na­syp pa­ýy bar. Ol bu ýer­dä­ki gur­lu­şyk­la­ry 214 ki­lo­metr uzyn­lykda­ky ýo­ka­ry ba­syş­ly, ýag­ny 25 at­mos­fe­ra ba­sy­şa çy­dam­ly suw ge­çi­ri­ji tur­ba­lar bi­len üp­jün et­di ― diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär.

Iş­le­re ge­çen ýy­lyň mar­tyn­da baş­la­nyp, sar­gyt gör­ke­zi­len möh­let­de, ta­la­ba­la­ýyk ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Gur­lu­şy­ga goý­be­ri­len tur­ba­la­ryň dia­met­ri 225 milli­metr bo­lup, iň döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­lar esa­syn­da ön­dü­ri­len­dir.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, 2007-nji ýyl­dan bä­ri iş­le­ýän ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti dia­met­ri 110 mil­li­metr­den 630 mil­li­met­re çen­li uni­wer­sal hi­mi­ki dur­nuk­ly­ly­gy bo­lan we 50 ýy­lyň do­wa­myn­da ýo­ka­ry at­mos­fe­ra ba­sy­şy­na çy­dam­ly po­lie­ti­len hem-de po­lip­ro­pi­len suwwe la­gym tur­ba­la­ry­ny ön­dür­ýär.

― Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň se­na­gat zo­la­gyn­da ýer­leş­ýän kär­hana­myz­da Ýew­ro­pa­da ön­dü­ri­len en­jam­lar otur­dyl­dy. Önüm­çi­lik üçin çig ma­lyň esa­sy bö­le­gi Gy­ýan­ly­da­ky gaz­hi­mi­ýa top­lu­myn­dan alyn­ýar. Kär­ha­na­da her gün­de 200 metr­den 1000 met­re çen­li po­li­mer önüm ön­dü­ril­ýär.Öň la­gymge­çi­ri­ji­le­riň 100 — 250mil­li­metr dia­metr­li gör­nüş­le­ri ön­dü­ril­ýän bol­sa, ýa­kyn gün­ler­de ba­syş­syzla­gym üçin tur­ba­la­ryň has uly dia­metr­li görnüş­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär ― di­ýip, «Türk­men en­jam» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­niň ýol­baş­çy­sy Hy­dyr Gur­ba­now gazetiň habarçysyna gür­rüň ber­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň