Mary şäherinde ýerleşýän telekeçi Döwletmyrat Täçmyradowa degişli “Okgun” konditer kärhanasynda häzirki wagtda azyk önümleriniň 40-dan gowrak görnüşi öndürilip, ak bazarlara we söwda dükanlaryna ugradylýar ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Bu ýerde 5 sany önümçilik bölüminden ybarat bolup, bu ýerde halkymyzyň köp isleg bildirýän köke, wafli, şokolad, sakgyç we nogul süýjüler ýaly konditer önümleri öndürilýär
Kärhananyň işewür telekeçileri daşary döwletlerden getirilýän konditer önümleriniň ornuny çalşyp biljek azyk harytlaryny öndürmek maksady bilen, kärhananyň konditer bölümini Türkiýe, Hytaý döwletlerinden getirilen döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrypdyrlar. Bu enjamlar bu ýerde şekerli, şokolad örtükli, kakaonyň, ýer tudanasynyň, pyrtykalyň tagamy berlen, hili ýokary, tagamy datly, ekologiýa taýdan arassa konditer önümlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.