Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda ýylyň iň göreldeli okyjysy yglan edildi

16:5505.01.2021
0
3233

Daşoguz şäherindäki 23-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Täjigül Abdykerimowa Daşoguz welaýat kitaphanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň iň göreldeli okyjysy diýlip yglan edildi. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berýär.

Her ýylyň ahyrynda welaýat kitaphanasy bilen işjeň aragatnaşyk saklap, iň köp kitap okan okyjynyň «Iň göreldeli okyjy» atly bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmegi indi asylly däbe öwrüldi. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi ýaşlaryň kalbynda kitaba, çeper söze söýgini döredýär, okamaga bolan höweslerini artdyrýar.

― Kitap meniň iň ýakyn dostum, baş maslahatçym. Elim sypyndygy, kitap okamak bilen meşgullanýaryn. Çeper eserleri okap, dil baýlygymy artdyrýaryn, ylym-bilim öwrediji kitaplar arkaly dünýägaraýşymy giňeldýärin. Esasan hem, hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserlerini höwes bilen okaýaryn. Mähriban Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby biz, ýaş nesiller üçin ullakan durmuş mekdebi, paýhas çeşmesidir ― diýlipm neşirde ýeňijiniň sözleri getirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň