Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Döwletliler köşgüniň çagalaryna Täze ýyl sowgatlaryny iberdi

23:4028.12.2020
0
9653

28-nji dekabrda Döwletliler köşgünde Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan dabara boldy. Onuň dowamynda çagalara hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgatlary gowşuryldy.

Milli Liderimiziň umumy ykrar edilen kadalara hem-de halkymyzyň milli ynsanperwer däplerine esaslanýan durmuş ugurly döwlet syýasaty Türkmenistanda çagalaryň bähbitleriniň ileri tutulmagyny kesgitleýär. Ýaş türkmenistanlylaryň ruhy hem-de beden taýdan ösmegi, köpugurly zehinleriniň hemmetaraplaýyn açylmagy üçin ähli şertler döredilendir.

Jemgyýetiň durmuş taýdan sagdynlygy çagalar, eneler barada nähili alada edilýändigi, maşgala däpleriniň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň arabaglanyşygy arkaly kesgitlenýär.

Şu gün paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel eteginde ýerleşýän Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy höküm sürdi. Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň çagalary Täze ýyl bilen gutlamaga gelen ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şonuň ýaly-da köp garaşylan Aýazbaba we Garpamyk, ýetip gelýän ýylyň nyşany bolan Gölejik çagalaryň myhmanlary boldular.

Döwletliler köşgünde çagalar diňe bir bilim alman, eýsem, dürli hünärleri hem özleşdirýärler. Bu bolsa olara mekdebi tamamlanlaryndan soň, uly durmuşa ynamly gadam goýmaga mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde bu ýerde çagalaryň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin hemme şertler döredildi — olar şekillendiriş sungaty we saz bilen meşgullanýarlar, dürli sport bölümlerine hem-de gurnaklara gatnaşýarlar.

Çagalaryň köpüsi Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän abraýly döredijilik bäsleşikleriniň hem-de halkara festiwallaryň baýraklaryna eýe boldular. Şolaryň hatarynda Gulbaba adyndaky çagalar baýragynyň eýesi “Joşgun” tans topary bar.

Köşkde terbiýelenýänler şu günki dabarada hem myhmanlaryň öňünde konsert maksatnamasy bilen çykyş edip, özleriniň döredijilik zehinlerini görkezdiler.

Dabaranyň geçýän ýerindäki baýramçylyk bezegleriniň köp böleginiň çagalaryň çeper elleri bilen ýerine ýetirilendigini bellemek gerek. Bu gün bolsa olar dürli reňkli yşyklar bilen bezelen ajaýyp arçanyň ýanynda goşgy okadylar, göçgünli tanslary hem-de eziz Diýarymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän, şonuň ýaly-da söýgüli Täze ýyl baýramyna bagyşlanan joşgunly aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Ýaş zehinleriň çykyşy Aýazbaba, Garpamyk we ertekileriň beýleki gahrymanlary bilen bilelikde arçanyň daşyndan el tutuşyp aýlanmak bilen tamamlandy.

Hormatly Prezidentimiziň adyndan gowşurylan sowgatlara çagalaryň begenjiniň çägi bolmady. Şol sowgatlara ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleri, ýyly gyş eşikleri hem-de däp bolan süýji-kökeler girýär.

Çagalara jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň sowgatlary hem gowşuryldy.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bagtyýar çagalyk, hemişelik üns-aladasy üçin hoşallyk bildirip, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlaryny hem-de gutlaglaryny beýan etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň